Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ynsanperwerlik, dostdoganlyk ýörelgeleri barha rowaçlanýar. Ata Watanymyz dünýäniň iň howpsuz, asuda, parahat ýurtlarynyň biri hökmünde giňden ykrar edilýär. Bu bolsa döwletimiziň bitaraplyk syýasatynyň, parahatçylygy, durnukly ösüşi gazanmak meýilleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň güwäsidir. Parahatçylyk ýaşaýşyň ajaýyp peşgeşi, ykbalyň gymmatly serpaýydyr, durnukly ösüş bolsa eşretli şu gün, röwşen geljekdir.
Bitaraplyk döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň nyşanydyr. Häzirki döwürde adamzat ýaşaýşyny gözelleşdirýän, nesillere bagtyýar geljegi miras goýmagyň möhüm guraly bolup durýan bitaraplyk taglymatynyň gadyrgymmaty artyp, binýady hasda berkeýär.
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Bitaraplyk hukuk derejesi üç gezek ykrar edilen Türkmenistan döwletimiziň dünýäniň syýasy gurşawynda öňe sürýän baş taglymaty parahatçylykdyr, ynsanperwerlikdir, ynanyşmakdyr, adamyň iň ýokary gymmatlykdygyna bolan düşünjäni, onuň erkin ýaşaýşyna ynamy berkitmekdir. Türkmen Bitaraplygy parahat ýaşamak, erkin zähmet çekmek, dostdoganlygy pugtalandyrmak ýaly ýörelgeleri rowaçlandyrýan gymmatlykdyr. Ýurdumyzyň Bitaraplygynyň aýratynlygy onuň umumadamzat ýaşaýşyny gözelleşdirmäge, dünýä jemgyýetçiliginiň abadançylygyna gönükdirilýändiginde, türkmençilige mahsus milli ýörelgelere esaslanýandygynda jemlenýär.
Ýurdumyzyň daşary we içeri syýasatyna buýsanýan, guwanýan halkymyz «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025nji ýylda döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk toýuny dünýä halklary bilen jebislikde toýlar. Bu baýram dostdoganlygyň baýramyna öwrüler.
Goý, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, dostdoganlygyň, ynanyşmagyň aýdyň güwäsine öwrülen türkmen Bitaraplygy biziň döwletimiziň şanşöhratyny hasda belent derejelere ýetirsin! Bu ugurda ägirt uly işleri amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan işleri rowaç bolsun!
Tuwakgylyç Weliýew,
Türkmenistanyň Senagatçylar we
telekeçiler partiýasynyň welaýat
komitetiniň başlygynyň orunbasary,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.