Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Ykdysady gatnaşyklaryň geriminiň giňeldilmegi her bir ýurt üçin ägirt uly bähbitler görnüşindäki miwelerini berýär. Hut şu nukdaý nazardan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlardaky ösüşleri göz öňünde tutýan halkara syýasatynda Fransiýa Respublikasyna hem uly ornuň degişlidigine geçen ýyllaryň dowamynda bu dostlukly ýurt bilen alnyp barlan gatnaşyklar şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň 5nji maýda Fransiýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary şol gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmagyndaky möhüm wakalary taryh sahypalaryna ýazdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ýörelgesi geljekki ösüşlerimizi nazarlanyp amala aşyrylýan başlangyçlarymyzyň özenini düzýär. Hut Garaşsyz Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMGniň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen ýylda dünýä ýurtlary bilen gatnaşyklarymyzyň ýygjamlaşyp, geriminiň giňeýändigi ýurdumyzyň daşary syýasatyna bildirilýän belent ynamdan nyşan bolup durýar. Milli Liderimiziň dostlukly ýurduň Prezidenti Emmanuýel Makron bilen geçiren gepleşiginiň barşyndaky pikir alyşmalar, şeýlede Fransiýanyň geljegi uly, durnukly ösýän türkmen bazarynda öz ornuny giňeltmäge gyzyklanma bildirýän işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenfransuz ykdysady forumy Garaşsyz Diýarymyza dünýäniň iri döwletleri tarapyndan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garalýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde türkmenfransuz gatnaşyklarynyň öz taryhy emele geldi. Taryh üçin gysga döwürde iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ösdürilmeginde uly sepgitlere ýetildi. Fransuz alymlarynyň, arheologlarynyň ýurdumyzyň taryhyny öwrenmekde, gadymy ýadygärliklerimizde ylmy işleri alyp barmakda bitiren hyzmatlary aýratyn bellenilip geçilmäge mynasypdyr. «MAFTUR» türkmenfransuz arheologik topary, onuň ilkinji ýolbaşçysy, meşhur alym Oliwe Lekontyň ýolbaşçylygynda Dehistan, Nusaý, Ulugdepe ýaly taryhy ýerlerimizde geçirilen ylmygözleg işleriniň netijesinde toplanan maglumatlar taryh üçin bahasyz gymmatlyklar bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz Türkmenfransuz ykdysady forumyndaky Çykyşynda bu barada durup geçmek bilen, frankofoniýa günleriniň, fransuz kinolarynyň görkezilişleriniň, sergileriň, iki ýurduň sungat ussatlarynyň konsertleriniň ýurdumyzda yzygiderli geçirilip durulmagynyň ähmiýetine ýene bir gezek ünsi çekdi.
Gahryman Arkadagymyz halkara gatnaşyklarynda medeniýet, sungat bilen bir hatarda dil öwrenmeklige-de uly ornuň degişlidigini nygtamak bilen, ýurdumyzda fransuz diliniň öwredilişine ýokary baha berdi. Şu ýerde fransuz medeniýetiniň asyrlaryň dowamynda diňe bir Ýewropada däl, onuň çäginden alyslarda hem uly orny eýeläp gelendigini ýatlap geçesimiz gelýär. «Fransuz medeniýetine aralaşmak — dünýä medeniýetine aralaşmak» diýlen düşünjäniň ir döwürlerden bäri ýörgünli bolup gelendigi muňa şaýatlyk edýär. Hut şonuň üçinde Rene Dekart, Žýul Wern, Klod Mone, Onore de Balzak, Aleksandr Dýumalar, Blez Paskal, Wiktor Gýugo ýaly ägirtleriň watanynyň medeniýetini, edebiýatyny, dilini öwrenmeklige ýurdumyzda uly ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň Çykyşynda belläp geçişi ýaly, geçen ýyl paýtagtymyzda fransuz ýazyjysy we dramaturgy Onore de Balzagyň heýkeliniň oturdylmagy medeni gatnaşyklarymyzyň täze derejelere çykýandygyny görkezýär.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenfransuz ykdysady forumyndaky Çykyşynda iki ýurduň arasynda alnyp barylmaly hyzmatdaşlygyň bäş ugry baradaky teklipleri uly seslenmä eýe boldy. Milli Liderimiz tarapyndan teklip edilen, ykdysady hyzmatdaşlygyň strategiýasyny ulgamlaýyn meýilnamalaşdyrylmagy nazarlaýan ol bäş ugruň çäklerinde nebitgaz pudagy, hemraaragatnaşyk tehnologiýalary, ulag, kadastr, suw serişdeleri, himiýa senagaty, derman serişdeleri we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek, şäherleri ösdürmek, metan zyňyndylaryna monitoring, geologiýa gözlegbarlag işleri, nebitgaz enjamlary bilen üpjünçilik, «ýaşyl» we wodorod energetikasynda, kiçi we orta telekeçilikde, syýahatçylykda, şeýlede ähli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlygy ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Gahryman Arkadagymyzyň türkmenfransuz iş toparynyň nobatdaky mejlisini şu ýyl geçirmek, 2024nji ýylda Parižde guralan energetika forumy ýaly halkara çäreleri geçirmegiň tejribesini dowam etmek barada aýdanlary bolsa ösüşli gadamlarymyzyň ýokary depginleri göz öňünde tutýandygyny ýene bir ýola dünýä ýaýdy.
Hawa, döwletli gadamlarynda atababalarymyzyň parasat hazynasyny ýörelge edinýän Gahryman Arkadagymyzyň Fransiýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary iki ýurduň halky üçinde bähbitli tutumlara badalga berdi. Durnukly şäher ösüşi, ýangyçenergetika, ulagkommunikasiýa, suw, oba hojalygy, aragatnaşyk, ýokary tehnologiýalar, ylymbilim, medeniýet we beýleki ugurlar boýunça gol çekilen resminamalaryň hyzmatdaşlyklary hil taýdan täze derejä çykarjakdygyna her birimiz ynanýarys.
Goý, dostlukly ýollarymyzy dünýä sary uzaldýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, umumadamzat bähbitli başlangyçlary rowaç bolsun!
Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň baş hünärmeni.