Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ykdysady hyzmatdaşlyga güýçli itergi berilýär.Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler we degişli kanunçylyk binýady milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün
etmäge ýardam edýär. Eziz Diýarymyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara forumlardyr maslahatlar bolsa ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmekde uly ähmiýete eýe bolýar.
Içerki bazary ýokary hilli we ekologik taýdan arassa önümler bilen üpjün etmekde hemde ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmakda hususy pudaga uly orun degişlidir. Döwletimiz häzirki döwürde telekeçiligi ösdürmek üçin zerur bolan kanunçylyk binýadyny berkidýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda milli ykdysadyýetimizi häzirki zaman bazar gatnaşyklary esasynda ösdürmek bellenilýär. Esasy Kanunymyzyň degişli bölüminde ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýandygy hakynda kadalar kesgitlenilýär hemde döwletiň telekeçiligi höweslendirýändigi we goldaýandygy, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýändigi nygtalýar.
Tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna, kuwwatly senagat düzümlerine eýe bolan, geografik taýdan amatly ýerleşýän hemişelik Bitarap Türkmenistan öz mümkinçiliklerine esaslanyp, bütin adamzadyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda tagallalary birleşdirmäge ymtylýar. Şu ýylyň 19njy martynda ýurdumyzda geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitaraykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara forumda Gahryman Arkadagymyzyň hemde 4nji aprelde Özbegistanyň Samarkant şäherinde guralan «Merkezi AziýaÝewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitde hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklipleri bu hakykaty dolulygyna tassyklaýar.
Oýlanyşykly alnyp barylýan daşary ykdysady syýasat Bitarap Watanymyzyň durnukly ösüşiniň derwaýys ugry bolup durýar. Türkmenistan daşary ykdysady gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmek bilen, halkara söwda, maýa goýum we tehnologik işlere işjeň gatnaşýar. Yzygiderli esasda geçirilýän halkara forumlar özara tejribe alyşmakda we hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini kesgitläp, asylly maksatlara ýetmekde möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Dünýä döwletleriniň, halkara maliýe düzümleriniň, abraýly kompaniýalaryň wekilleriniň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän taslamalara uly gyzyklanma bildirmegi milli ykdysadyýetimiziň ösüşleriniň, ýurdumyzyň ýeten sepgitleriniň bütin dünýäde ykrar edilýändigini tassyklaýar. Dostdoganlyk we hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler
baradaky komitetiniň agzasy.