Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Döwlet Garaşsyzlygymyzy, mähriban halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, ynsanperwerlik ýörelgelerimize ygrarlylygy alamatlandyrýan milli buýsanjymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni ýurdumyzyň uludan-kiçi ähli raýatlarynyň kalbynda hoşallyk hem buýsanç duýgularyny artdyrýar. Çünki Esasy Kanunymyz döwletimiziň beýik gazananlarynyň sarsmaz hukuk binýady, ýaşyl Baýdagymyz al-asmanda buýsanç bilen pasyrdap, ýurdumyzyň hem halkymyzyň bedew batly ösüşlerini, döredijilik güýjüni, tutuş dünýä ýaýýan gymmatlykdyr.
Täze taryhy döwrümiziň baý mazmunly şygara beslenen şu ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý senesiniň giňden dabaralandyrylýan günlerine barylýan pursatlarda bellenilýän her bir şanly senäniň özboluşly ähmiýeti bar. Bu Esasy Kanunymyzyň hem-de ýaşyl Tugumyzyň baýramy babatda hem hut şeýle. Çünki Konstitusiýamyzda dünýä derejesinde ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyz kanun esasynda berkidilendir. Döwlet berkararlygynyň hem baky bagtyýarlygynyň mizemez jebisligini açyp görkezýän bu goşa mukaddesligiň şanly toýy ýurdumyzda häzirki wagtda döwlet hem halkara derejesinde geçirilýän çäreler bilen utgaşyp, has gymmatly häsiýete eýe bolýar.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän umumadamzat bähbitli işlerde Esasy Kanunymyzyň hem-de Döwlet baýdagymyzyň mukaddesligi, mertebesi has-da belende galýar. Halkymyzyň baky jebisliginiň hem-de agzybirliginiň aýdyň şöhlelenmesi hökmünde gözel paýtagtymyzda Konstitusiýa binasynyň gurulmagy, welaýat merkezlerinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda belent sütünli baýdak meýdançalarynyň döredilmegi halkymyzyň milli gymmatlyklaryna sarpasynyň ebedidigini doly açyp görkezýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer taglymatynyň esasynda durmuşa geçirilýän beýik işleriň ählisi döwlet berkararlygymyzyň berkligini, milli buýsanjymyzyň, döredijilik güýjümiziň, ynsanperwer ýörelgelerimiziň mizemezligini esaslandyryp, täze başlangyçlara we tutumly işlere şamçyrag bolýar. Bu hem goşa mukaddesligimiziň mazmunynda berk binýat tapýan asylly maksatlaryň myrada ýetmegine uly itergi berýär.
Halkymyzyň baky bagtyýarlygynyň, mizemez jebisliginiň, abadan durmuşynyň, ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň başynda duran Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, ýeneki tutumlary rowaçlyklardan rowaçlyklara beslensin!
Gurbangylyç DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň
deputaty.