Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň indi üçünji gezek biragyzdan kabul edilmegi täze taryhy döwrümiziň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakasyna öwrüldi. Bu döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň miwesi bolup, halkara giňişliginde ählumumy parahatçylygy üpjün etmek boýunça edilýän tagallalaryň dünýäde gyzgyn goldanylýandygyny hem-de türkmen diplomatiýasynyň üstünliklerini aýdyň görkezýär.
Türkmenistan özüniň Bitaraplygyny kanun esasynda berkiden ilkinji döwletdir. Esasy Kanunymyzyň 2-nji maddasynda şeýle beýan edilýär: «Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir».
Ykdysady kuwwaty barha artýan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, döwletimize daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, şeýle hem birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirmäge uly ýardam edýär. Bitarap Türkmenistan sebit döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny barha ösdürýär we giňeldýär. Ýurdumyz dünýäniň iň iri halkara guramasy bolan BMG we onuň düzüm birlikleri bilen gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrýar. Birleşen Milletler Guramasynda öz üstüne alan ähli borçnamalaryny, goşulan konwensiýalaryny, durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde öňde goýlan wezipeleri yzygider we üstünlikli ýerine ýetirip gelýär.
Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik häsiýetli daşary syýasatynyň netijesinde tutuş dünýäde adamzadyň abadançylygyna, döwletleriň asudalygyna, howpsuzlygyň berkidilmegine, durnukly ösüşiň rowaçlandyrylmagyna, özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen beýik işler durmuşa geçirilýär. Olar ýurdumyzyň «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog — parahatçylygyň kepili», «Açyk gapylar» ýaly ynasanperwer ýörelgeleriniň esasynda amala aşyrylýar.
Soňky ýyllarda milli parlamentiň işi hem döwrelaýyk kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň bu babatdaky yzygider goldawlarynyň netijesinde sebitdäki birnäçe döwletler bilen parlamentara gatnaşyklar, hyzmatdaşlyklar çuňlaşdyrylýar, dostluk toparlary döredilip, özara tejribe alyşmak arkaly parlamentara gatnaşyklar ösdürilýär. Türkmenistanyň Mejlisi bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň, Koreýa Respublikasynyň Wekiller Palatasynyň, Türkiýe döwletiniň Beýik Millet Mejlisiniň arasynda ikitaraplaýyn dostluk toparlary döredildi. Munuň özi Bitarap Türkmenistanyň milli kanunçylygynyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigini, bu babatdaky wezipelere uly ähmiýet berýändigini açyp görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
saýasynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan şu taryhy ýyly uly şöhrata beslensin!
Jeren GYLYÇMYRADOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi,
Mejlisiň deputaty.