​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
15.05.2025

Taryhymyzyň tarypyny ýetirýän ajaýyp kitap

 

     Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasyndan dörän «Hakyda göwheri» atly kitaby durşy bilen türkmençilik häsiýetlerine, milli ruhyýete ýugrulan eserdir. Kitabyň mazmunyny tirmek bilen, her bir halkyň taryhy bilen tanalyp, taryhy bilen şöhratlanýandygy baradaky hakykata göz ýetirmek bolýar. Kitapda halkymyzyň bäş müň ýyllyk taryhy yzarlanýar. Oguz kowumynyň binýat eden hem-de şu günki güne gelip ýetmegini gazanan ajaýyp durmuş pelsepeleri, däp-dessurlary, ýörelgeleri, öňe süren taglymatlary barada täsirli gürrüňler çeper beýan edilýär. Kitabyň ilkinji sahypasynda: «Ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr» diýip bellemek bilen, Milli Liderimiz halkyň ruhy baýlygynyň hem-de milli buýsanjynyň taryh bilen aýrylmaz bitewülikdigine ünsi çekýär. Dünýä medeniýetiniň ösüşine özboluşly goşant goşan halkymyzyň gadymy medeni ojaklary, döwlet gurmakdaky, ýaşaýşy dolandyrmakdaky gazanan tejribeleri baradaky gürrüňler taryha daýanýan düýpli maglumatlaryň we tymsallaryň üsti bilen beýan edilýär. Bu kitaby okan her bir ynsan taryha gaýybana syýahat edýär. 

     Kitapda türkmençilik ýörelgelerini beýan etmegiň çäginde Gahryman Arkadagymyz zenany sylamak, hormatlamak, olaryň zähmetine ähmiýet bermek ýaly asylly işleriň gadymy döwürlerden gelip ýeten milli häsiýetdigine ünsi çekýär. Milli gymmatlyklaryň arasynda türkmen zenanynyň yhlasyndan dörän sungat eserleri barada hem söz açýar. Bütindünýä mirasynda görnükli orun alan türkmen halyçylyk sungatynyň özboluşly gymmatlykdygy barada şeýle çuň pikirlerini beýan edýär: «Ynsanyň gözellige bolan söýgüsini, duýgularynyň erkinligini halydan başga şeýle beýan edip biljek sungat ýokdur. Onuňam öz düşündirişli sözlügi ýok. Mundaky ähli tilsimlere özüň ýürek bilen duýup, aň ýetirmeli». Gahryman Arkadagymyzyň zenanyň döreden şeýle kämil eserine ýokary baha bermegi, ony öz kitabynda inçelik bilen beýan etmegi türkmen zenanynyň mertebesini hem-de onuň zähmetiniň derejesini has-da beýgeldýär.

      Gahryman Arkadagymyz kitabyň «Hazyna eýesine hazynadar diýerler...» diýen bölüminde «baýlyk» sözüne özboluşly düşünje bermek bilen, «Baýlyk — düýnüňi unutmazlykdadyr diýesim gelýär» diýýär. Hakykatdanam, düýnümiz biziň şu günümiz üçin gazanylan tejribelerden, geçilen menzillerden, şöhratly ýollardan, şu topragyň goýnunda kemala gelen beýik şahsyýetlerimizden hem-de bize miras galdyrylan ýörelgelerden ybaratdyr. Bular bolsa biziň hem barlygymyz, hem baýlygymyzdyr. Şeýle baýlygyň mirasdüşer nesli hökmünde biz öz taryhymyza, taryhy şahsyýetlerimize buýsanmaga haklydyrys. Biziň kalbymyzda şeýle buýsanç duýgusyny kemala getirýän, ajaýyp eserleri bilen bize görelde bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly kitaplarynyň höwri köp bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan işleri rowaç bolsun!

 

Şemşat Mämiýewa,

Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçe 

hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.