Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Häzirki ajaýyp döwrümizde paýtagtymyzyň özgerýän gözel keşbi ýurdumyzyň beýik ösüşlere beslenýändiginden habar berýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň tagallasynyň netijesinde binagärlik we gurluşyk pudagy hem mynasyp ösdürilýär. Häzirki wagtda paýtagtymyzda gurlup ulanmaga berilýän ýaşaýyş jaýlary halk bähbitli işleriň rowaçlanýandygyny aýdyň beýan edýär.Ýurdumyzda gurluşyk senagatyny ösdürmek, halk bähbitli medeni we durmuş desgalaryny gurup ulanmaga bermek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda bu möhüm ulgamyň okgunly ýokary göterilmegini, ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş we medeni ulgamynyň gurluşyklarynyň artdyrylmagyny şertlendirýär.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30ýyllygynyň bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem eziz paýtagtymyz Aşgabat şäheri ajaýyp keşbe eýe bolýar. Mälim bolşy ýaly, «Arkadag» futbol toparynyň abraýly halkara ýaryşda gazanan pul baýragyny Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr sahawat gaznasyna geçirmek hakynda haýyşlary her bir ynsanda buýsanç döretdi. Bu serişdäni Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna gönükdirmek barada karara gelinmegi bolsa ähli ildeşlerimizi buýsandyrdy. Munuň özi röwşen geljegimiz bolan çagalarymyzyň aladasydyr.
Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralarda hem ýurdumyzyň ösüşini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny görmek bolýar. Eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň bütin dünýä ýaň saljak şanly 30ýyllygy mynasybetli durmuşa geçiriljek beýik işler, halkymyzy zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.
Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş
syýasaty baradaky komitetiniň baş
hünärmeni.