Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Aziýanyň merjen şäheri hasaplanylýan Aşgabat şäherimiz binagärlik-gurluşyk, medeniýet, ekologiýa abadançylygy, adamlaryň ekologiýa abadançylygy, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň kämilligi babatynda dünýä derejesinde düýpli özgertmelere eýe bolýar. Asman bilen bäsleşip oturan belent ymaratlar paýtagtymyzyň görküni has-da gözelleşdirýär. Belemeli zatlaryň biri-de, 2020-nji ýylyň 1-nji maýynda gözel paýtagtymyzyň syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň agzalygyna kabul edilmegidir. Bu abraýly halkara guramasyna agza bolmagy şäherde dürli syýahatçylyk ugurlarynyň ösdürilmegine we ýaýbaňlandyrylmagyna uly mümkinçilikleri döredýär. Özüniň ajaýyp binagärlik aýratynlygy hem-de gaýtalanmajak gözelligi bilen 2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Bütindünýä şäherler gününde ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça resmi taýdan goşulmagy Aşgabadyň dünýädäki abraýyny has-da belende galdyrdy.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagyna 144 ýyl dolýar. Bu şanly sene ýurdumyzyň ähli ýerlerinde, şol sanda biziň welaýatymyzda hem giňden bellenilýär.
Bu ajaýyp baýram mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, bagtyýar watandaşlarymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys.
Merdan ORAZMEREDOW.
TDEI-niň mugallymy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.