​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
19.10.2023

BEÝIK ÖSÜŞLER - BAGTYMYZYŇ ŞUGLASY

 

Toýlary toýlara, baýramlary baýramlara ulaşýan berkarar Watanymyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda her bir günümiz belent sepgitlere, taryhy wakalara, şatlyk-şowhuna beslenýär. Bu gün Türkmenistan Watanymyz dünýäde asudalygy, agzybirligi, dost-doganlygy, parahatçylygy söýüji ýurt hökmünde tanalýar. Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen beýik ösüşler gazanylýar. Bagtyýarlyga beslenen gözel Watanymyz günbe-günden ösýär, özgerýär, ýurduň ykdysady ösüşleri täze belentliklere çykýar. Gadymy türkmen topragynda şeýle gysga taryhy döwürde bolup geçen beýik özgertmeler türkmen döwletiniň ägirt uly ykdysady kuwwatyny, halkyň ruhy derejesini, şeýle-de onuň egsilmez döredijilik mümkinçiliklerini tutuş dünýä halklaryna aýdyň görkezýär.

 Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Garaşsyz, özbaşdak döwletlilik beýik pederleriň arzuwy. Türkmen halky bu gün öz bagtyna, şan-şöhratly zamanasyna buýsanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň berkarar ýurdumyzda adalat jemgyýetini, dünýä derejesindäki demokratik ösüşi pugtalandyrmak, raýatlaryň hukuklaryny, zähmet hem-de durmuş üpjünçilik kanunçylygyny dünýä derejesinde kämilleşdirmek, halkyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak boýunça durmuşa ornaşdyrýan maksatnamalary Watanymyza, halkymyza egsilmez söýgüsinden aýdyň nyşandyr. 

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda eziz Diýarymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllyk toýy uly zähmet üstünlikleri bilen bellenildi. Ýurdumyzyň baş baýramynyň dabaraly bellenilen günlerinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi döwletliligiň, agzybirligiň, jebisligiň, erkinligiň nyşany bolup dabaralandy. Türkmenistanyň Halk Maslahaty Garaşsyz döwletimizi syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik, medeni taýdan berkitmek ugrunda esasy sütünleriň biri bolup, döwlet bilen halkyň bir bitewüliginiň aýdyň ýüze çykmasydyr. Täze taryhy döwrümizde ösüşlerimiziň dabaralanýan ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýokary guramaçylykly geçirilip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň maksatnamalaýyn çykyşlarynda ýurdumyzyň ösüşli menzilleri, öňde durýan wezipeler aýdyň kesgitlenildi. Taryhy maslahatyň dowamynda çykyş eden ýaşuly nesliň wekilleri ähli halkymyzyň ýürek arzuwyny beýan etdiler. Ildeşlerimiziň erk-islegini nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady dakmak hakynda karary kabul etdi. 

Garaşsyzlygyň özeninde ata-babalarymyzyň Watana, parahat durmuşa bolan söýgüsi, adalatlylyk, hoşniýetlilik ýaly ynsanperwerlik ýörelgeleri jemlenýär. Garaşsyzlyk türkmen halkyna erkin ýaşamaga, ene topragyna, maddy we ruhy gymmatlyklaryna eýe bolmaga, milli we umumadamzat bähbitlerinden peýdalanmaga, halkara giňişlikde özbaşdak döwlet hökmünde çykyş etmäge ägirt uly şert döretdi. Garaşsyzlygyň ösüş ýolunda gülläp ösüşiň we abadançylygyň täze sepgitlerine ýeten Türkmenistan dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykdy. Milli Liderimiziň hem-de peder ýoluny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-halk üçin edýän tükeniksiz aladalary döredýän, gurýan halkymyza ruhy güýç berýär, olary ösüşlere ruhlandyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz özygtyýarly döwlet hökmünde parahatçylyk söýüjilikli, demokratik ýörelgelere esaslanýan milli ýoluny saýlap aldy. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik özgertmelerini durmuşa ornaşdyrýan hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwletli ýoluny ýürekden goldaýan halkymyz merdana pederlerimiziň milli ýörelgelerine eýerip, wagtyň synagyndan geçen, adalatlylyk we halallyk ýolundan ynamly gadam urýar. Bu ýol halkymyzy galkyndyryp, döwletli döwrana, rowaçlyga, ýurdumyzyň gülläp ösmegine alyp barýan bagtyň ýoludyr. 

Watanyň şöhratly geljegi, halkymyzyň asuda, bagtyýar durmuşy babatdaky başlangyçlar bu gün beýik üstünliklere beslenýär. Halkymyzy beýik ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, beýik işleri rowaç bolsun!

 

Baýramgözel MYRADOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Daşky 

gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we 

agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy