Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
«Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän türkmen topragy hemişe parahatçylygyň, ygtybarlylygyň we howpsuzlygyň sebiti hökmünde giňden tanalypdyr» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Garaşsyzlyga eýe bolmagy bilen, hemişe parahatçylygyň, ygtybarlylygyň we howpsuzlygyň sebiti hökmünde giňden tanalýan ýurdumyzyň bu meşhurlygy, at-abraýy täze belentliklere çykýar.
1995nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi türkmen topragynyň şeýle sebit hökmünde ykrar edilmeginiň ähli döwürleriň beýik hakykatydygyny görkezdi we bu waka dünýäniň syýasy giňişliginde taryhy ähmiýete eýe boldy. Sebäbi Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet hökmünde öz adyny taryha altyn harplar bilen ebedilik ýazdyrdy.
Parahatçylygyň, ylalaşygyň we dostlugyň şäheri bolan gözel paýtagtymyz Aşgabatda 2007nji ýylda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy ählumumy parahatçylygy goldamakda dünýä bileleşiginiň başlangyçlaryny we maksatlaryny işjeň durmuşa geçirýän yurt hökmünde Watanymyzyň halkara derejedäki şanşöhratyny täze belentliklere göterdi.
Geçen 30ýyla golaý wagtyň dowamynda ýurdumyz hemişelik Bitarap hukuk ýagdaýyna eýe bolmak bilen,diňe bir Merkezi Aziýada dälde, dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň pugtalandyrylmagyna, dostdoganlyk gatnaşyklarynyň berkemegine saldamly goşant goşup bilýän döwletdigini kemsiz subut etdi. Şonuň netijesinde hem Ýer ýüzüniň halklarynyň we döwletleriniň türkmen Bitaraplygynyň umumadamzat ähmiýetine ynamy ýylbaýyldan kämilleşdi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ençeme taryhy resminamalaryň, şol sanda «2025nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «MerkeziAziýa parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamalaryň, şeýlede, «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üç gezek kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamalarydyr.
Bilşimiz ýaly, şu ýyl ýurdumyzyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ykrar edilenine 30ýyl dolýar. Bu şanly sene mynasybetli su günler hem dünýäniň dürli künjeklerinde dabaraly çäreler geçirilýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly senesi mynasybetli dünýä ýaň saljak dabaralar bolsa şu ýylyň 12nji dekabrynda bolar we ataWatanymyzyň şanşöhratynyň belende galýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüler.
Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuşsyýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.