Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Hemişelik Bitaraplygynyň 30ýyllyk şanly toýuna beslenýän eziz Watanymyz durmuşyň ähli ugurlary boýunça uly üstünliklere eýe bolýar, täze sepgitlere tarap bedew bady bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara abraýy hasda artýar. Garaşsyz ýurdumyz atababalarymyzyň ajaýyp däpdessurlaryna, dostdoganlyk ýörelgelerine gyşarnyksyz eýermek bilen, oýlanyşykly we pähimpaýhasly, hoşniýetli daşary syýasaty alyp barýar.
Häzirki döwürde halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri dünýä ýaýylýar. Şunda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň orny aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki hemişelik Bitaraplyk syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän ýurdumyz bu günkigünde sebitiň we dünýäniň parahatçylygy ugrunda tagallalary edýär. Ýurdumyzyň BMGniň Baş Assambleýasynyň 79njy mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlanmagy, Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “2025nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de “Merkezi Aziýa- parahatçylyk,ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi aýratyn bellärliklidir. Hut şu buýsandyryjy maglumatlar hem türkmen Bitaraplygynyň dünýäde we sebitde parahatçylygyň asylly ýörelgesini rowaçlandyrýandygyny beýan edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň alyp barýan hoşniýetli daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995nji ýylyň 12nji dekabrynda we 2015nji ýylyň 3nji iýunynda hemde 2025nji ýylyň 21nji martynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly kabul eden Kararnamalary bilen ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy bolup durýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy halkara giňişliginde aýratyn ähmiýet berilýän mertebämizdir. Ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk syýasaty biziň milli ýörelgämizdir.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýörite Kararnamalar bilen üç gezek ykrar edilen dünýäde ýeketäk döwlet biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizdir. Dünýäde özüniň Esasy Kanunynda - Konstitusiýasynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny beýan eden, hemişelik Bitaraplygy hakynda Konstitusion kanuny bolan döwletimize biziň buýsanjymyz elmydama belentdir. Oňyn Bitaraplyk syýasatyny alyp barýan döwletimizde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ilýurt bähbitli, dünýä jemgyýetçiligi üçin ähmiýetli döwrebap işler amala aşyrylýar. Bu işler şu günümizi we röwşen geljegimizi üpjün edip, halk we umumadamzat bähbitlerine eýe bolup durýar. Ilýurt bähbitli, halkara ähmiýetli beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag,ömürleri uzak bolsun!
Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň
Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni