Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar-Watanyň daýanjy» atly eserinde: «Çagalaryň bagtyýar durmuşy we sazlaşykly ösüşi Watanymyzyň abadançylygynyň kepilidir» diýip, ýaş nesiller baradaky aladanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm strategik maksatlarynyň biridigini nygtaýar.
Adam hukuklary boýunça halkara konwensiýalaryň we jarnamalaryň ynsanperwerlik, sahawatlylyk, hoşamaý garaýyşlar baradaky ýörelgeleriniň çuňňur many-mazmuny siňen «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, Türkmenistanyň Zähmet kodeksi, Türkmenistanyň Maşgala kodeksi, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalar çagalaryň sagdyn we erkin durmuşda bagtyýar ulalmaklary üçin geçirilýän işlere hukuk binýady bolup hyzmat edýär.
Şeýle kanunçylyk namalarynda bellenen kadalaryň işjeň amala aşyrylmagy bolsa «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynda» göz öňünde tutulan çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň hem aýdyň beýanydyr.
Ýeri gelende nygtasak, Gahryman Arkadagymyzyň çuň paýhasly başlangyçlary bilen 2021-nji ýylyň 29-njy martynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän sahawatlylyk ýörelgelerini çuň mazmun bilen baýlaşdyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bagtly çagalygyň mekanynda durmuşa geçirilýän ajaýyp işler Milli Liderimiziň «Jan Watanym Türkmenistan!» atly goşgusyndaky:
Şadyýanja çagajyklar bilbil bolup saýraýandyr,
Bagtyýarlyk hakykaty älem-jahana aýandyr,
Tenekar hem melhem bolup, howa siňip ýaýraýandyr
Ýer ýüzüne hoş owazyň, jan Watanym Türkmenistan!
diýen setirlerini hakydaňa getirýär.
Çagalaryň mynasyp bilim we terbiýe almaklary, watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ählitaraplaýyn şertleri döredýän Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize ähli halkymyz bilen birlikde egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys.
Jeren GYLYÇMYRADOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.