​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
06.06.2025

TÜRKMEN-MONGOL GATNAŞYKLARYNDA TÄZE SAHYPA

 

     Ýer ýüzünde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyryp, dünýä halklarynyň, bütin adamzadyň bähbidine köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürýän hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy barha artýar. Häzirki döwürde ýurdumyz dünýä döwletleri bilen diňe bir däp bolan gatnaşyklary berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň çar künjüne dost-doganlygyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň köprülerini gurýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 1-2-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa amala aşyran ilkinji döwlet sapary hem şol hakykaty aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Bu sapar soňky ýyllarda yzygiderli ösdürilýän türkmen-mongol gatnaşyklarynyň has-da ilerledilmeginde nobatdaky möhüm ädime öwrülip, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerine ýol açdy. Bu barada türkmen wekiliýetiniň düzüminde bolan wekiller şeýle gürrüň berýärler:

 

Maksat KULYÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy:

 

   — Hormatly Prezidentimiz Mongoliýa bolan döwlet saparynyň çäklerinde bu ýurduň milli parlamentiniň — Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalan bilen duşuşdy. Onda döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigi bellenilip, iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegi parlamentler derejesinde goldamagyň maksadalaýykdygyna üns çekildi.

    Türkmenistanyň Mejlisinde Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huraly bilen parlamentara dostluk topary döredildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Mejlisiniň Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huraly bilen parlamentara gatnaşyklaryň çäklerinde birnäçe maksadalaýyk işleri alyp barmak göz öňünde tutulýar. Hususan-da, parlament wekiliýetleriniň ikitaraplaýyn iş saparlaryny guramak, parlamentara dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmek, ugurdaş komitetleriň arasynda kanunçykaryjylyk işi boýunça tejribe alyşmagy guramak hem-de ýaş parlamentarileriň, zenan deputatlaryň işjeň hyzmatdaşlygyny ýola goýmak meýilleşdirilýär. 

      Şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde parlamentara forumy geçirmek meýilleşdirilýär. Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet foruma gatnaşmaga çagyryldy.

 

Guwançmyrat AGAÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygy:

 

— Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýanyň döwlet Baştutany Uhnaagiýn Hurelsuh bilen geçiren ýokary derejedäki duşuşygynda syýasy, ykdysady, söwda, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ykdysadyýetiň möhüm pudagy bolan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, bu ugurda tagallalary birleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny hem-de Türkmenistanyň ýurtlaryň ençemesiniň çäklerini öz içine alýan utgaşdyrylan ulag-logistika geçelgelerini döretmek boýunça iri taslamalary durmuşa geçirmegi maksat edinýän «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» başlangyjyny öňe sürendigini bellemegi diýseň möhüm ähmiýete eýedir. 

     Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň biri bolan Mongoliýanyň hem ulag ulgamyndaky maksatlarynyň biziň döwletimiziňki bilen kybapdaşdygyny bellemek gerek. Mongoliýanyň başlangyjy bilen «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Halkara barlag merkezini döretmek hakynda köptaraplaýyn ylalaşygyň» işlenip düzülmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň şu ýylyň aprel aýynda «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Halkara barlag merkezini döretmek hakynda köptaraplaýyn ylalaşyga» resmi taýdan goşulmagy döwletimiziň Ulan-Batorda ýerleşýän bu merkez bilen işjeň özara hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydygyny görkezýär. 

     Söwda-ykdysady, ýeňil senagat, ylym-bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen resminamalaryň 14-sine gol çekilmegi hormatly Prezidentimiziň Mongoliýa döwlet saparynyň örän netijeli geçendiginiň güwäsidir. Döwlet saparynyň çäklerindäki Türkmen-mongol işewürler forumy hem döwletara dialogyň täze tapgyrynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge, maýa goýum hyzmatdaşlygynyň we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşmaga bagyşlandy. Forumda Mongoliýanyň işewür toparlary Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary hem-de bu babatda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn maksatnamalar we özgertmeler bilen tanyşdyryldy. Işewürler forumynyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekilmegi özara bähbitli ykdysady gatnaşyklara täze itergi bermekde uly ähmiýete eýedir. 

     Taryhy sapar dünýä döwletleriniň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan syýasatyny işjeň goldap, ýurdumyz bilen uzak geljegi nazarlaýan gatnaşyklary yzygiderli berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyňlygy bilen tassyklady.