​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
07.06.2025

ABADAN ÝAŞAÝYŞ UGRUNDAKY TAGALLALAR

 

     Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek babatda alnyp barylýan giň gerimli işler, ilkinji nobatda, adamlaryň sagdyn ýaşaýşy, arassa howadan dem almagy, uzak ömür sürmegi bilen bagly belent maksatlaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Türkmenistanda her ýylyň 5­nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň giňden bellenilmegi­de ata Watanymyzda bu ugurdaky möhüm wezipelere uly ähmiýet berilýändigini görkezýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30­ýyllygy giňden bellenilýän şanly ýylda bu ählumumy baýram mynasybetli paýtagtymyzda geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda daşky gurşawy goramak boýunça öňde duran wezipeler we halkara hyzmatdaşlyk» atly ylmy­amaly maslahatda hem şeýle möhüm meseleler, wajyp wezipeler bilen bagly çykyşlara uly orun berildi. Biz ylmy­amaly maslahata gatnaşyjylaryň käbiriniň pikir­garaýyşlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik.

 

Serdar GAÝYPOW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky

komitetiniň başlygy:

 

  - Peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, ekologik abadançylygy üpjün etmek, biologik köpdürlüligi ylmy 

taýdan öwrenmek we gorap saklamak, çölleşmä garşy göreşmek, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak we oňa uýgunlaşmak boýunça milli, sebitleýin hem-de halkara derejelerde giň gerimli işler maksatnamalaýyn esasda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol işleriň kanunçylyk binýady-da yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň özenini düzýän energetika, ekologiýa, suw diplomatiýalaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Esasy Kanunymyzda ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen, tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça kadalar berkidilendir. Döwletimiz ekologiýa syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri görmek bilen, ilkinji nobatda, bu ugurdaky işleri kadalaşdyrýan ygtybarly hukuk binýadyny döredýär. Bu ugurda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 20-den gowragy hereket edýär we olar yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Täze Kanunlaryň kabul edilmegi bilen, olaryň üsti ýetirilýär. 

     BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň maslahatlaryny nazara almak bilen, bu guramanyň Ösüş maksatnamasynyň işjeň goldamagynda ýurdumyz howa boýunça Pariž ylalaşygy esasynda Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşandyny (NDC) taýýarlady we ony 2022-nji ýylyň maýynda tassyklady. Bu strategik resminamada 2030-njy ýylda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny, 2010-njy ýylyň derejesine görä, 20 göterim azaltmak göz öňünde tutulýar. 2023-nji ýylda ýurdumyzda Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça ýokary derejeli pudagara topar döredildi. Şol ýylyň dekabrynda bolsa BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulandygyny resmi taýdan yglan etdi. Howada metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň “Ýol kartasy” kabul edildi. Bu işleriň netijesinde, diňe 2024-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanda metan zyňyndylarynyň 11 göterim azaldylmagy gazanyldy. Merkezi Aziýa ýurtlary üçin ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşjek howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň döredilmegi barada öňe süren başlangyçlary Türkmenistanyň borçnamadan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmäge gönükdirilen taslamalardyr maksatnamalar babatda halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler bilen netijeli işleri alyp barýandygynyň güwäsidir.