Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Her ýyl ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen bellenilýän Gurban baýramy halkymyzyň agzybirligini we jebisligini hasda berkidýär. Ol hoşmeýillilige, mähribanlyga we
ýagşylyga çagyryp, adamlaryň köňlüni päkleýär.
Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly eserinde: «Gurban baýramy günlerinde hiňňildik uçmak uly şadyýanlygy, ruhubelentligi döredýär. «Hiňňildik uçmak bilen günäleriň dökülýär» diýen gadymy ynanç şu günlerde-de ýaşaýar. Hiňňildik uçulýan ýerlerde joşgunly aýdym sazlar belentden ýaňlanýar. Adamlar, aýratyn hem, ýaşlar ol ýerlere köpçülikleýin barýarlar. Bu ýagdaýlar adamlara uly lezzet berýär, ruhubelentlik paýlaýar, olaryň birekbirek bilen gatnaşygyny, agzybirligini berkidýär» diýip belleýär.
Türkmen topragynda gadymdan bäri aýratyn sarpalanýan bu baýramçylyk milli senenamamyzyň ähmiýetli seneleriniň sanawyna girizilmegi bilen, atababalarymyzyň ajaýyp däplerini dowam edýän halkymyz ony şatlyk bilen garşy alýar. Şol günler täze egineşikler geýilýär, öý içerä serenjam berilýär, her bir öýde myhmanlar üçin datly tagamlar taýýarlanylýar. Gatlama, ýagly petir, çelpek, maýaly petir, pişme, owmaç ýaly dürli nygmatlar bereketli saçaklarymyzda bol bolýar. Myhmanlara palaw, dograma, ýarma, çekdirme, gowurma ýaly milli tagamlar hödürlenýär.
Türkmen halkynyň ruhyahlak gymmatlyklaryna kybap gelýän, hoşniýetliligi, päk ýürekliligi we ynsanperwerligi ündeýän Gurban baýramyny ýokary ruhubelentlikde bellemäge ähli mümkinçilikleri döredýän, milli däpdessurlarymyza aýratyn ähmiýet berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hemde hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Gurbanlygyňyz kabul bolsun, eziz ildeşler!
Ýakup ATABAÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Halkara we
parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.