​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
12.06.2025

ZEMINIŇ GÖRKI ZENANLAR

 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban zenanlarymyz uly hormata eýe bolýarlar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň irginsiz aladalary netijesinde zenanlarymyza birnäçe ýeňillikler berilýär, döredijilikli zähmeti üçin zerur şertler döredilýär.

     Maşgala ojagyna wepalylyk, salyhatlylyk, eli hünärlilik biziň enelerimiziň hem-de gelin-gyzlarymyzyň mertebesini müňýyllyklaryň dowamynda ýokary derejelere göterip gelýän milli häsiýetlerdir. Häzirki döwrümizde türkmen gelin-gyzlarynyň bu asylly häsiýetleri ahlak gözelliginiň ajaýyp nusgasyna öwrülip, tug deýin belentde pasyrdaýar. Türkmen zenanlarynyň süňňüne siňen bu ebedi häsiýetler ýaş nesilleriň kalbynda şöhratly geçmişimize buýsanjy, şu günümize çäksiz söýgini, nurana ertirlere bolan uly ynamy terbiýeleýär, halkymyzyň abraýynyň, mertebesiniň ýokary göterilmegine hyzmat edýär. 

     Biziň gadymy däp-dessurlarymyzyň, baý medeni mirasymyzyň şu günlerimize gelip ýetmeginde gelin-gyzlarymyzyň hyzmaty uludyr. Gözel tebigatymyzyň ajaýyp keşbini, halkymyzyň şöhratly taryhyny zenanlar öz nepis halylarynyň öwüşgini öçmejek göllerine siňdirip, biziň günlerimize ýetiripdirler. Medeni mirasymyzyň egsilmez çeşmesi bolan hüwdüler, läleler, monjugatdylar hem biziň gelin-gyzlarymyzyň şahyrana döredijiliginiň nusgasy hökmünde asyrlar aşyp gelýär. Türkmen gelin-gyzlarynyň edep-ekram göreldesi müňýyllyklaryň synagyndan geçen terbiýäniň dury akabasyndan gözbaş alýan nusgalyk mekdebe öwrüldi. 

     Ata Watanymyzyň ösüşlerinde enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň saldamly goşandy bar. Olar jemgyýetimizde düýpli özgertmeleriň amala aşyrylmagy, kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda döredijilikli, tutanýerli zähmet çekýärler. Ösüp gelýän ýaş nesillerde watansöýüjilik, ynsanperwerlik ýaly belent duýgulary terbiýelemekde, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini berkitmekde nusgalyk görelde görkezýärler.

     Döwlet dolandyryş edaralarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, ylymda, bilimde, medeniýetde, jemgyýetçilik işlerinde we beýleki ugurlarda gelin-gyzlarymyz yhlasly zähmet çekip, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda amala aşyrylýan beýik işlere özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şonuň üçin hem bu ajaýyp zamanada zenanlaryň sarpasy belentdir. 

     Göwünlerimizi joşdurýan, kalbymyzy galkyndyrýan özgerişler we ösüşler zamanamyzda ýurdumyzda eşretli ýaşaýşymyzyň zynaty bolan eziz enelerimiziň, mähriban gelin-gyzlarymyzyň sarpasynyň belent tutulýandygyna her ýylda Halkara zenanlar gününiň uly baýram edip bellenilmegi aýdyň şaýatlyk edýär. 

     Jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda zenanlara erkekler bilen deňhukuklaryň berilýändigi Baş Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kesgitlenendir. Zenanlaryň hukuklary we borçlary barada ýurdumyzyň kanunlarynyň iň möhüm aýratynlyklary olaryň bu babatda halkara ölçeglerine doly gabat gelýändiginden ybaratdyr.

     Eziz Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň barha artýan döwründe milli bitewüligimizi has-da berkidýän hem-de belent sepgitlere ruhlandyrýan, mylaýym, güler ýüzli mährem enelerimiziň, asylly gyz-gelinlerimiziň mertebesini belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw edýäris.

 

Aýgözel KUTLYÝEWA,

Köneürgenç etrabynyň  Akgala  geňeşliginiň Geňeşiniň hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.