Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Ýer ýüzünde adamzat ýaşaýşynyň ygtybarly dowam etmegi üçin parahatçylyk zerurdyr. Ynsanlaryň we halklaryň birek-birege bolan ynamy bolsa parahatçylygy üpjün etmegiň ilkinji serişdeleriniň biridir. Parahatçylyk we ynanyşmak düşünjelerini mizemez jemgyýetçilik ýörelgesine, durmuş kadasyna öwren halkymyzyň bu ugurdaky milli aýratynlyklary asyrlaryň dowamynda kämilleşip, nusgalyk häsiýete eýe bolandyr.
Häzirki wagtda ýurtlary, sebitleri we yklymlary biri-biri bilen köp sanly ugurlar baglanyşdyrýar. Şonuň üçin hem halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny, oňyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerini berkitmek, parahatçylyk arkaly durnukly ösüşi gazanmak möhümdir. Hoşniýetli goňşuçylyk, beýleki halklar bilen parahatçylyk söýüjilikli, birek-birege hormat goýmak gatnaşyklary durnukly ösüşi gazanmakda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanylýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bolsa halkara giňişlikde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, uzak geljegi nazarlaýan döwletara gatnaşyklary ösdürmäge, ählumumy meseleleri çözmäge gönükdirilen syýasatyny, milli ýörelgelerini barha rowaçlandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüş arkaly parahatçylyk» şygaryna we «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasyna esaslanýan, şeýle-de döwletimiziň ählumumy meselelere bolan garaýşyny öz içine alýan ynsanperwer taglymatyny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän parasatly başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylmagy ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasatynyň Ýer ýüzünde barha dabaralanýandygyny görkezýär. Şunda döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi uly ähmiýete eýedir. Bitaraplygyň türkmen nusgasynda milli bitewülik ýörelgeleriniň hem-de ähli taraplaryň bähbitlerini göz öňünde tutmak däpleriniň jemlenmegi ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda uly üstünlikleri gazanmagyna itergi berýär.
Türkmen Bitaraplygy ösüşleriň we özgerişleriň dünýä nusgalyk aýdyň ýoludyr. Şeýle aýdyň we adalatly ýol bilen halkymyzy röwşen geljege ynamly alyp barýan Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, dünýä nusgalyk ýol-ýörelgeleri dowamat-dowam bolsun!
Annabagt Maýewa, welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim, terbiýe we mekdepden daşary edaralar bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty