​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
28.06.2025

ULAG ULGAMYNYŇ KANUNÇYLYK BINÝADY

 

     Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä derejesinde ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine öz mynasyp goşandyny goşýar. Dürli derejelerde, hususan-da, halkara guramalarynyň çäklerinde häzirki we geljekki nesiller üçin uly ähmiýete eýe bolan başlangyçlar yzygiderli öňe sürülýär we olary çözmäge çalşylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan döredilýän düzümler parahatçylygyň, durnuklylygyň, howpsuzlygyň, durmuş-ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ulag-aragatnaşyk pudagynda kanunçylyk ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Kabul edilýän kanunlaryň durmuş-ykdysady ösüşlere laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagy demokratik ýörelgeleriň dabaralanmagyny we jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklaryň berkidilmegini üpjün edýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 12-nji aprelinde geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahatynda dürli ugurlar bilen bir hatarda ulag ulgamyna degişli kanunlary kämilleşdirmek boýunça birnäçe Kanun taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi.

     Maslahatyň gün tertibiniň, esasan, «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýanynyň taslamasyna, «1966-njy ýylyň Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli 1988-nji ýylyň Teswirnamasyna goşulmak hakynda», «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda, «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda», «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda, «Döwlet syrlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça we üýtgetme girizmek hakynda, «Awtomobil ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda, «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy we biragyzdan kabul edilmegi döwletimizi hemmetaraplaýyn ösdürmäge täze mümkinçilikleri döreder. Şeýle Kanunlaryň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň kanunçylyk esaslarynyň barha berkidilýändigini we kämilleşdirilýändigini görkezýär. Diýarymyzda şunuň ýaly uly maksatlara gönükdirilen işleriň amal edilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamyna aýratyn ähmiýet berýändiginiň, netijede, onuň binýadynyň barha kämilleşdirilýändiginiň aýdyň mysalydyr. 

     Ýurdumyzyň Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna 2008-nji ýylda goşulandygyny nazara alyp, «1966-njy ýylyň Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli 1988-nji ýylyň Teswirnamasyna goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny şu ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen maslahatynda kabul edildi. Kanun 1966-njy ýylyň 5-nji aprelinde London şäherinde kabul edilen Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýanyň düzgünleri 1988-nji ýylyň 11-nji noýabrynda London şäherinde gol çekilen Teswirnamanyň esasynda «Gämilerden hapalanmagyň öňüni almak baradaky halkara konwensiýanyň» we «Gämileriň deňizde çaknyşmagynyň öňüni almagyň halkara düzgünleri barada konwensiýanyň» talaplaryna laýyk getirilýär. Kanunyň kabul edilmegi gämi gatnawlary babatynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk esaslaryny berkidilýär. 

     Kabul edilen «Awtomobil ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny awtomobil ulagy çygrynda düzgünleşdirmegi we dolandyrmagy amala aşyrýan döwlet edaralarynyň, yagny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, şeýle hem «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň wezipeleri hem-de olaryň ygtyýarlyklary kesgitlenilýär. Şeýle-de awtomobil ulagy çygrynda işleri amala aşyrýan ygtyýarly edara tarapyndan kadalaşdyryjy hukuk namalaryň birnäçesiniň işlenip taýýarlanylmagy bilen bagly kadalar göz öňünde tutuldy. 

     Bu Kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzda awtomobil ulagy çygrynda hereket edýän degişli edaralaryň işlerini düzgünleşdirmekde, şeýle hem bu ugurdaky hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrmakda ýardam berer. 

 

Orazdurdy ABDYÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.