Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gadymdan gelýän ýörelgämiz bolan döwletlilik ýoly bu günki gün mynasyp dowam etdirilýär. Ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döwleti döretmekde hem-de ony dolandyrmakda toplan oňyn tejribesinden ugur alnyp, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgelere daýanylýan ýurdumyzda adam hakyndaky alada Hökümetimiziň esasy iş ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Jemgyýetimiziň gurluşynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi netijesinde, häzirki wagtda ýokary wekilçilikli edara bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny özygtyýarly, Berkarar döwletimiziň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda barha ýokarlanýar.
Bu gezekki geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylyk edip, oňa hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagy we taryhy çykyş etmegi milli demokratiýamyzyň dabaralanmagyna aýratyn öwüşgin berdi.
Hormatly Prezidentimiz taryhy çykyşynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ýerine ýetirilen işlere syn berip, ata Watanymyzyň ösdürilmegi, milli kanunçylygymyzyň halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirilmegi, ynsanperwer içeri we hoşniýetli daşary syýasatymyzyň täze nusgasynyň kemala gelmegi üçin zerur bolan wezipeleriň wajyp ugurlaryny beýan etdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleriň bütin dünýäni haýrana galdyrýandygyny bellemek bilen, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi babatynda bedew badynyň ýokarlandyrylmaly ugurlaryny we öňümizde durýan belent maksatlary anyk kesgitläp berdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ähli maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip: «Döwür täze pikirleri hem-de innowasion önümçilikleri talap edýär» diýip bellemek bilen, ylmyň we tehnikanyň çalt depginler bilen ösmegi, täze tehnologiýalaryň döremegi, dünýäniň bilim giňişligine ýurdumyzyň işjeň goşulyşmagy, milli mirasymyzy dünýä ýaýmak, taryhy, medeni we ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek ýaly meseleleriň öň hatarda durýandygyny hem-de türkmen ýaşlaryna Berkarar Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýandygyny beýan etdi.
Halk Maslahatynyň dowamynda milli demokratiýamyzyň ýörelgelerine we kadalaryna laýyklykda, il sylagly ýaşulularyň, kümüş saçly enelerimiziň we halk wekilleriniň çykyşlaryna aýratyn orun berildi. Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýynyň artmagynda, dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda, türkmen halkynyň bagtyýar, röwşen geljegi ugrunda ýerine ýetiren beýik işleri nazara alnyp, hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesiniň «Altyn Aý» altyn nyşanynyň gowşurylmagy, Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy baradaky teklipler orta atyldy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda gysga arakesme wagtynda milli kada-kanunlarymyza laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň maslahaty döwründe orta atylan teklip biragyzdan goldanylyp, hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy barada Mejlisiň kararynyň kabul edilmegi milletimiziň buýsanjyny has-da artdyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň kyblasy, ilhalar watançy Mälikguly aganyň il-halky ezizläp, ýurdumyzy goramak we Watany söýmek baradaky ata pendini hormatly Prezidentimize wesýet etmegi ählumumy agzybirligiň we jebisligiň şygaryna öwrüldi.
Türkmenistan döwletimizi gözüniň göreji deýin goramakda we Watany, halky söýmekde peder pendine ygrarly hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Meniň maksadym Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýatlyk esaslaryny has-da kämilleşdirip, ýurdumyzy ynamly öňe alyp gitmekden ybaratdyr!» diýen sözleri türkmen halkynyň döwlet Baştutanyna bolan egsilmez söýgüsi bilen sazlaşyp, Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik ýolunyň dabaralanýan zamanasynyň taryhynyň täze sahypasyna altyn harplar bilen ýazylýar.
Ata Watanymyzyň röwşen geljegi ugrunda asyrlara barabar beýik işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy, Türkmenistan döwletimiziň şanly Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçmegi bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de ähli türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli dünýä nusgalyk işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Amangeldi HEZZIÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.