​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
16.07.2025

PARLAMENTARA GATNAŞYKLARYŇ TÄZE GÖZÝETIMLERI

 

     Mä­lim bol­şy ýa­ly, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz 13-nji iýul­da gurama­çy­lyk döw­let to­pa­ry­nyň BMG-niň Deň­ze çy­kal­ga­sy bolmadyk ösüp bar­ýan ýurt­lar bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty­na taýýar­lyk gör­mä­ge ba­gyş­la­nan mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. On­da Mil­li Li­de­ri­miz 7 sa­ny esa­sy ugur bo­ýun­ça ge­çi­ril­jek mas­la­ha­ta ýokary de­re­je­de taý­ýar­lyk gö­rül­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy. Ola­ryň hataryn­da Par­la­ment fo­ru­my­nyň hem bol­ma­gy ýur­du­myz­da parla­ment diplomatiýasynyň bar­ha ro­waç­lan­ýan­dy­gy­ny alamatlan­dyr­ýar. Bu fo­rum deňze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp barýan döw­let­le­riň ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­la­ry­nyň ara­syn­da hyzmat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de hem-de kabul edi­len maksatnamalary dur­mu­şa ge­çir­mek­de tä­ze mümkinçilik­le­ri döre­der

 

    Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­lar bo­ýun­ça mas­la­ha­ty, adyn­dan bel­li bol­şy ýaly, dün­ýä­niň iň iri hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň Az ösen döw­let­ler, deň­ze çy­kal­ga­sy bolma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­lar hem-de ösüp bar­ýan ki­çi ada döw­let­ler bo­ýun­ça Ýo­kary we­ki­li­niň eda­ra­sy tara­pyn­dan gu­ral­ýar hem-de her 10 ýyl­dan ge­çi­ril­ýär. Maslahatyň ge­çi­ril­me­gi BMG-niň Baş As­samble­ýa­synyň Kararnama­sy bi­len tas­syk­la­nylýar. Bu iri mas­la­ha­tyň ata Watany­myz­da ge­çi­ril­jek­di­gi hem Bir­le­şen Mil­let­ler Guramasynyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 79-njy ses­si­ýa­sy­nyň 63-nji umu­my mej­li­sin­de 57 döw­le­tiň aw­tor­daş bo­lup çy­kyş et­me­gin­de kon­sen­sus ar­ka­ly ka­bul edi­len de­giş­li Karar­na­ma bi­len tassyklanyl­dy. 

     Il­kin­ji ge­zek 2003-nji ýyl­da Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Al­ma­ty şä­he­rin­de we 2014-nji ýyl­da Awst­ri­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň We­na şä­he­rin­de ge­çi­ri­len bu mö­hüm halka­ra mas­la­ha­tyň üçün­ji işiniň ýur­du­myzda ge­çi­ril­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň tu­tan­ýer­li yhlasy ne­ti­je­sin­de ga­za­nan hal­ka­ra ab­raýy­ny bü­tin aý­dyň­ly­gy bi­len su­but ed­ýär. El­bet­de, Bitarap döw­le­ti­mi­ziň no­bat­da­ky bu üs­tün­li­gi Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan hem-de häzir­ki wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan ne­ti­je­li dowam et­di­ril­ýän dö­re­di­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýasy ug­ry bi­len şertlendi­ril­ýär.

      Par­la­ment fo­ru­my — bu mas­la­ha­tyň çä­gin­de me­ýil­leş­di­ri­len ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki mow­zuk­la­ýyn çä­releriň bi­ri bo­lup dur­ýar hem-de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Az ösen döw­let­ler, deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­lar hem-de ösüp bar­ýan ki­çi ada döw­let­ler bo­ýun­ça Ýo­ka­ry we­ki­li­niň eda­ra­sy­nyň Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si bi­len bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da ge­çi­ri­ler. Par­la­ment fo­ru­my­na bu iri hal­ka­ra mas­la­ha­ta öz mil­li wekiliýetle­ri­niň dü­zü­min­de gat­naş­ýan parla­ment we­kil­le­ri, Parla­men­ta­ra Bi­le­le­şi­giň we Ar­ka­la­şy­gyň Par­la­ment bir­le­şi­gi­niň wekil­le­ri hem-de beý­le­ki gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ta­rap­lar gatnaşar­lar. «Ug­ry kes­git­le­mek: Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­lar üçin He­re­ket­leriň Awa­za mak­sat­nama­sy­ny iler­let­mek» at­ly Par­la­ment fo­ru­my öz işi­ni 4 ugur bo­ýun­ça, ýagny «We­na­dan Awa­za: çö­zül­me­dik me­se­le­ler, top­la­nan tejribe­ler we tä­ze müm­kin­çi­lik­ler», «Deňze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk äh­li ösüp bar­ýan ýurt­la­ra ýaý­ra­ýan köp­ta­rap­la­ýyn söw­da ulgamy­ny ke­ma­la ge­tir­mek we pug­ta­landyr­mak», «Parahatçylygy, yna­nyş­ma­gy we ha­sa­bat­ly do­lan­dy­ry­şy döretmek: deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­larda dur­nuk­ly ösü­şe ýar­dam ed­ýän şert­ler», «Par­la­ment we­kil­le­ri­niň or­nu­ny ýo­kar­landyr­mak mak­sa­dy bi­len, he­re­ket­le­riň meýilnama­sy bo­ýun­ça gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän ta­rap­la­ryň köptarap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy» at­ly mow­zuk­la­ýyn mej­lis­ler­de do­wam eder. 

     Fo­ru­myň ne­ti­je­le­ri BMG-niň Deň­ze çykal­ga­sy bolma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­lar boýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty­nyň neti­je­le­ri bilen ut­ga­şyk­lylykda hal­ka­ra de­re­je­dä­ki sy­ýa­sy resmina­ma hökmün­de ka­bul edil­jek 2024 — 2034-nji ýyl­lar üçin deň­ze çykal­ga­sy bolma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça Hereketleriň Awa­za mak­sat­na­ma­sy­n­da jemle­ner. Bu res­mi­na­ma 2030-njy ýy­la çen­li dö­wür üçin Gün ter­ti­bi­niň aý­ryl­maz bö­le­gi hök­mün­de gel­jek­ki on­ýyl­lyk­da deň­ze çykal­ga­sy bol­ma­dyk döwlet­ler­de dur­nuk­ly ösü­şi ga­zan­ma­ga hyz­mat eder. 

     Ýe­ri gelende aýt­sak, Par­la­ment fo­ru­my BMG-niň Deň­ze çykal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­lar bo­ýun­ça mas­la­ha­ty­nyň çägin­de ilkin­ji ge­zek ge­çi­ril­ýär. Bu bir­nä­çe se­bäp­ler bi­len düşün­di­ril­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, par­la­ment her bir ýurt­da kanun­çyka­ry­jy häkimi­ýet bo­lup, jem­gy­ýet­çi­lik gatna­şyk­la­ry­ny düz­gün­leş­dir­ýän ka­nun­la­ry ka­bul ed­ýär. Şo­nuň ýa­ly-da, döw­let syýa­sa­ty­nyň işleni­lip dü­zül­me­gin­de, ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gin­de we oňa gö­zeg­çi­lik edil­megin­de ne­ti­je­li­li­gi, aýan­ly­gy we hasabatlyly­gy üp­jün ed­ýär. Şu nuk­daý­na­zar­dan, deň­ze çykalgasy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­lar­da par­la­ment­le­re bu iri mas­la­ha­tyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça kabul edil­ýän he­re­ket­ler maksatna­ma­sy­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni we onuň bahalandyrylma­gy­ny ýo­kar­lan­dyrmak­da mö­hüm orun de­giş­li­dir. 

     Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­le­riň parlament­le­ri ka­nun çy­ka­ry­jy iş we sy­ýa­sy gu­ral­lar ar­ka­ly bu iri mas­la­ha­tyň çä­gin­de ka­bul edil­ýän he­re­ket­ler mak­satna­ma­sy­nyň söw­da amal­la­ry­nyň ýe­ňil­leş­diril­me­gi, inf­rast­ruk­tu­ra­nyň kämilleş­di­ril­me­gi we se­bit­le­ýin hyz­mat­daş­lyk ýa­ly bir­nä­çe möhüm we­zi­pe­le­ri­niň mil­li de­re­je­de ama­la aşy­ryl­ma­gy üçin hukuk bin­ýa­dy­nyň üp­jün edil­me­gi­ni ýo­la go­ýup bil­ýär­ler. Şeý­le hem deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­le­riň parlament­le­ri söw­da­ny ýe­ňil­leşdir­mek, se­bit­le­ýin goşulyşmak we dur­muş yk­dy­sa­dy ösüş üçin ze­rur bo­lan fi­zi­ki we institusional üp­jün­çi­li­gi ke­pil­len­dir­mek maksa­dy bi­len serişdeleri bö­lüp bermä­ge we ma­li­ýe­leş­dir­mä­ge yg­ty­ýar­ly bo­lup dur­ýar­lar. 

     Gözeg­çi­lik et­mek we ha­sa­bat­ly­lyk he­reket­ler maksatnamasynyň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lup, par­la­ment­ler bu ugurda sy­ýa­sa­tyň durmu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne, ösü­şiň bahalandyrylma­gy­na we maksatla­ra ýet­mek­de hö­kü­me­tiň hasabat­ly­ly­gy­na gö­zeg­çi­lik edýär. Olar deň­ze çy­kal­ga­sy bolmadyk ösüp bar­ýan döw­let­le­riň ýüz­be-ýüz bol­ýan öz­boluş­ly me­se­le­le­ri ba­bat­da hal­ka­ra de­re­je­de ýar­dam we hyz­mat­daş­lyk edil­me­gi ba­ra­da çy­kyş et­mek bi­len, bu ugur­da hal­ka­ra bileleşigiň ha­bar­ly­ly­gy­ny ös­dür­mek­de mö­hüm orun eýe­le­ýär­ler. Bu bol­sa hal­ka­ra ba­zar­laryň deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp barýan döw­let­le­re el­ýe­ter­li­li­gi­ni üp­jün et­mek­de giň ge­rim­li we ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­ga şert döreder. 

     Gür­rü­ňi edil­ýän mas­la­ha­tyň çä­gin­de ilkin­ji ge­zek Parlament fo­ru­my­nyň ge­çi­rilme­gi Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry syýasa­ty­nyň esasy gu­ral­la­ry­nyň bi­ri bo­lan par­la­ment diplomatiýa­sy­nyň uly üs­tün­li­gi bo­lup durýar. Soň­ky ýyl­lar­da Türk­me­nis­tan­da parlamen­t işiniň ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len çä­re­le­riň giň toplumy dur­mu­şa ge­çi­rildi. Netijede, Türkmenistanyň Mej­li­si­niň halka­ra par­la­ment işi bar­ha giň gerime eýe bol­ýar. Ýur­du­myz par­la­ment dip­lo­ma­ti­ýa­sy ar­ka­ly he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýyna hem-de Gah­ry­man Arka­da­gy­my­zyň öňe sü­ren «Dialog — pa­ra­hat­çy­ly­gyň ke­pi­li» atly äh­lu­mu­my baş­lan­gy­jy­na la­ýyk­lyk­da ile­ri tut­ýan parahatçylyk, dia­log we yna­nyş­mak ýörel­ge­le­ri­ni dün­ýä ýaý­ýar. Iri hal­ka­ra gu­rama­la­ryň meýdançala­ryn­da hä­zir­ki döw­rüň möhüm me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ga­ra­ýyş­la­ry­ny be­ýan ed­ýär hem-de äh­li gy­zyk­lan­ma bildir­ýän ta­rap­la­ry öza­ra bäh­bit­li we deňhukukly hyz­mat­daş­ly­ga ça­gyr­ýar. 

     «Awa­za» mil­li syýahatçylyk zo­la­gynda Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­lar bo­ýun­ça üçün­ji maslaha­ty­nyň we onuň çägin­de il­kin­ji ge­zek Par­la­ment forumynyň ge­çi­ril­me­gi ýur­du­my­zyň dö­re­di­ji­lik­li daşa­ry sy­ýa­sy işi­niň hal­ka­ra yk­rar­na­ma­sy bo­lup dur­ýar. Bu halka­ra mas­la­hat we Par­la­menta­ra fo­rum geog­ra­fi­k ýer­le­şi­şi tapa­wut­ly bolan ýurtla­ryň bäh­bit­le­ri­ni ka­nun çy­ka­ry­jy­lyk işi­niň gu­ral­la­ry ar­ka­ly öňe sür­mä­ge, bu babat­da hal­ka­ra hyzmatdaşlygyň tä­ze gözýetim­le­ri­ni aç­ma­ga hem-de dün­ýä ýüzün­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we dia­lo­gy mun­dan beý­läk-de ilerletmäge ýardam eder. 

 

Pürli RASULOW, Türkmenistanyň Mejlisiniň hünärmeni.