Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Bilşimiz ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň üçüsi bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplygyna 30 ýyl dolýar. Bitarap Türkmenistanyň öňdengörüjilikli daşary syýasaty onuň içeri syýasatynyň sazlaşykly dowamy bolmak bilen, jemgyýetiň täze, demokratik mazmuna eýediginiň we binýatlyk taglymatynyň hasyl bolmagynyň nusgasydyr.
Bu günki günde Bitarap Türkmenistanymyzy bütin dünýä parahatçylyk söýüjilikli döwlet hökmünde tanap, hormatly Prezidentimiziň parasatly daşary syýasaty giň goldawa eýe bolýar. Çünki, bu syýasat Ýer ýüzünde ählumumy howpsuzlyk, parahatçylyk arkaly durnukly ösüşi, döwletleriň we halklaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy nazarlaýan syýasatdygy bilen uly gyzyklanma döredýär. Bitaraplygymyzyň geçen 30 ýyla golaý döwründe Türkmenistan BMG we onuň düzüm birlikleri, beýleki halkara guramalary we dünýäniň dürli döwletleri bilen hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirýär. Bu ýörelge bolsa, dost-doganlygyň, deňhukukly gatnaşyklaryň giňeldilmegine gönükdirilen ýörelgedir.
Ali RAHMEDOW. Ýolöten etrap häkimliginiň bölüm müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty