​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
22.07.2025

ASYLLY MAKSATLAR BEÝIK GELJEGI NAZARLAÝAR

 

     Türkmenistanyň dünýä giňişliginde abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini tapmaga ýardam edýän başlangyçlary ýurdumyzyň abraýyny belende göterýär. Muny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 11-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem tassyklaýar. Kararnama laýyklykda, bu wekilçilikli çäräni Türkmenistanda geçirmek boýunça çözgüt Milletler Bileleşigine agza ýurtlar tarapyndan goldanyldy. 

     Şu ýylyň 4-nji iýulynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz bu maslahaty we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek maksady bilen Karara gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 4-8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň tabşyryk bermegi bu iri foruma görülýän taýýarlygyň çäklerinde möhüm ähmiýete eýe boldy. 

     Türkmenistan soňky ýyllarda dürli ugurlar boýunça giň möçberli forumlaryň geçirilýän ýerine öwrülýär. Olaryň guramaçylyk we taýýarlyk işlerini örän ýokary derejede alyp barmakda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň köpýyllyk tejribä esaslanýan gymmatly maslahatlary möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Iýul aýynyň 8-10-y aralygynda Gahryman Arkadagymyz Balkan welaýatynda iş saparynda boldy we halkara çäräniň taýýarlyk derejesi, bu babatda amala aşyrylýan taslamalar bilen tanyşdy. Milli Liderimiz «Awaza» köpugurly sport toplumynyň binalarynda hem-de maslahatyň çäklerinde dürli derejedäki duşuşyklaryň geçiriljek ýeri bolan Kongresler merkezinde, şeýle hem olaryň çäginde ähli zerur mümkinçilikleriň döredilmelidigini, merkezi girelgäniň öňünde häzirki zaman tehnologiýalarynyň döwrebap enjamlarynyň ornaşdyrylmalydygyny, halkara maslahata degişli nyşanlaryň göze gelüwli görnüşde ýerleşdirilmelidigi barada özüniň gymmatly maslahatlaryny berdi. 

     Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewlerinden, gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, häzirki wagtda bu maslahatyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Parlament forumyna hem taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Dünýä ýurtlarynyň Parlamentleri deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlara, üstaşyr geçilýän ýurtlar bilen ösüş hyzmatdaşlyklarynda, maksatnamalary düzmekde, olaryň ýerine ýetirilişine baha bermekde, netijeliligi ýokarlandyrmakda, jogapkärçiligi berkitmekde hem-de borçnamalaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmekde we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin kabul edilen resminamalaryň ileri tutulýan ugurlaryny durmuşa geçirmekde möhüm orna eýe bolup durýar. 

     Hazaryň türkmen kenarynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryny mundan beýläk-de ilerletmäge taýýardygynyň nobatdaky subutnamasy bolar. 

 

Nepes ROZYÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.