​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
24.07.2025

AÝDYŇ MAKSATLARYŇ MENZILINDE

 

     Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň her güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Agzybirlikden, jebislikden rysgal-bereket tapan, halallyga, adalata, ynsanperwerlige, dostana gatnaşyklara ygrarly merdana halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzy berk binýatly, senagat taýdan ösen, kuwwatly döwlete öwürmek, milli mirasymyzy we medeniýetimizi tutuş dünýäde nusgalyk derejä götermek, merdana halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen asylly ýörelgä eýerýän syýasatynyň barha rowaçlanýandygyndan habar berýär. 

 

     Bu günki gün türkmen Bitaraplygy barha işjeňleşýär we özüniň tarapdarlarynyň sanyny artdyrýar. Munuň ykrarnamasy hökmünde şu ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek biragyzdan kabul edilendigini görkezmek bolar. 

     Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny geljekde has-da işjeňleşdirmek we ony dünýä syýasatyndaky ýagdaýlary kadalaşdyrmakda, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekde netijeli gural hökmünde peýdalanmak üçin ýörite meýilnamalary işläp düzdi. Şunuň bilen baglylykda ata Watanymyz geçen döwrüň içinde dünýäde we sebitde parahatçylygy, durnuklylygy, ylalaşygy saklamakda we pugtalandyrmakda, ilkinji nobatda, goňşy we dünýäniň ähli döwletleri bilen hoşniýetli, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde uly işleri alyp barýan, milli we umumadamzat bähbitlerini berk berjaý edip, öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalarynyň ählisini gyşarnyksyz ýerine ýetirip gelýän döwlet hökmünde tanaldy we ýokary halkara abraýyna eýe boldy. 

     Türkmenistan parahatçylyksöýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýär, şoňa görä-de, ýurtlaryň arasynda dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeltmek we pugtalandyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Bitaraplyk türkmen halkyna parahatçylyksöýüjilik, beýleki halklara, olaryň medeniýetlerine we däp-dessurlaryna hormat goýmak ýaly ýörelgelere eýermäge mümkinçilik berýär. Bu ýörelgeler bolsa Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynda we diplomatiýasynda öz aýdyň beýanyny tapýar. 

     Şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmegine 30 ýyl dolýar. Bu şanly sene mynasybetli üstümizdäki ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Ýurdumyzyň daşary syýasaty parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, durnukly ösüşiň we halklaryň abadançylygynyň bähbidine hyzmat edýär. Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň ählumumy derejede dünýä syýasatyna ýetiren oňyn täsirini soňky ýyllaryň taryhy tejribesi äşgär etdi. Bitaraplygyň dünýädäki ähmiýetiniň artmagynda hormatly Prezidentimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň orny uludyr. 

Serdar ÝUMITOW,

Çärjew etrap häkimliginiň baş hünärmeni, Türkmenistanyň 

Mejlisiniň deputaty