Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Türkmenistan döwletimiziň ähli ugurlarda durnukly ösüşini gazanmak, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmagyny üpjün etmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda amala aşyrylýan düýpli özgertmelerde öz beýanyny tapýar. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda ýetilýän belent sepgitler muňa aýdyň subutnama bolup, gazanylýan köpugurly üstünlikler sazlaşykly ösýän jemgyýetimiziň ajaýyp görkezijileridir. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini hil taýdan halkara ülňülerine laýyk getirmäge gönükdirilen şeýle giň gerimli özgertmelerde sanly ykdysadyýetiň, ýagny internet-üpjünçilik ulgamlarynyň binýadyny pugtalandyrmak örän ähmiýetlidir. Munuň özi häzirki döwürde pudaklary sazlaşykly ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu babatda ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli tutumlar göwün göterijidir.
Milli Liderimiziň Arkadag şäheriniň iki ýyllygy mynasybetli sebitiň ilkinji «akylly» şäherinde 5G tehnologiýasyny işe girizmäge ak pata bermegi munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäheriniň hukuk derejesine doly laýyk gelýän bu çözgüt sanly ulgam arkaly maslahatlary geçirmekde, emeli aňyň mümkinçiliklerini işjeň durmuşa ornaşdyrmakda, saglygy goraýyş ulgamynda bejeriş işleriniň geçirilýän pursatlarynda maglumatlary alyşmagyň wagtyny tizleşdirmekde uly ähmiýete eýedir. Aragatnaşygyň simsiz görnüşiniň bäşinji nesli bolan 5G tehnologiýasynyň tizlik derejesi öňkä garanyňda 20 esse ýokarydyr. Şonuň üçin Arkadag şäherine aragatnaşygyň iň kämil görnüşiniň ornaşdyrylmagy «akylly» şäheriň köp taraply okgunly ösüşinde esasy orny eýelejekdigini aýratyn buýsanç bilen nygtap bileris.
Sanly ulgam durmuş hyzmatlarynyň dürli ugurlarynda elektron enjamlaryň kömegine daýanmak arkaly zerur amallary ýerine ýetirmegi aňladýar. Muňa mysal hökmünde önümçilik alyşçalyş, paýlamak hemde sarp etmek hyzmatlaryny görkezmek bolar. Ylmy düşündirmelere salgylanyp aýdylanda, sanly ykdysadyýet munuň özi elektron hasaplaşyk, internet söwda, göni ýaýlym hyzmatlaryny öz içine alýan sanly kompýuter tehnologiýalary bilen berk baglanyşykly hereketdir. Diýmek, sanly tehnologiýalar ulanylýan ykdysady önümçilige sanly ykdysadyýet diýlip düşünilse dogrudyr.
Internet ýa-da ykjam telefonlaryň üsti bilen dürli harytlaryň söwda-satuwyny guramak, ulag peteklerini sargyt etmek we satyn almak, ýaşaýyşdurmuş hyzmatlarynyň birnäçe görnüşleri babatda nagt däl tölegleri amala aşyrmak indi abadan durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bu hyzmatlaryň geriminiň dowamly giňelýänligi bolsa mizemez hakykatdyr. Gündelik durmuşymyzda ençeme ýeňillikleri döredýän şunuň ýaly elektron hyzmatlaryň sanly ykdysadyýetiň ilkinji esaslaryny döredýändigini nygtamak gerek.
Elbetde, islendik ýurduň köpugurly ösüşi, uzak geljegi nazarlaýan iri möçberli tutumlaryň rowaçlygy, ilkinji nobatda, ylymdyrbilimiň ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Sanly ykdysadyýetiň binýady bilim hem ylymdyr. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyçlaryny paýhasly dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz jemgyýetimiziň intellektual mümkinçiliklerini doly peýdalanmakda, milli ykdysadyýetimize ylmytehnologiýanyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmakda ylymdyr bilimiň ornuna möhüm ähmiýet berýär. Ulgamyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň kanunçylyk hukuk binýadyny yzygiderli kämilleşdirýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028nji ýyla çenli Konsepsiýasy» hemde ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasy muňa anyk mysaldyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaş nesillerine berilýän bilimterbiýäniň hilini gowulandyrmaga gönükdirilen bu möhüm resminama okuw işine innowasion usullary giňden ornaşdyrmakda täze wezipeleri öňde goýýar. Şol wezipelere üstünlikli hötde gelinmegi okatmagyň ähli tapgyrlaryny elektron serişdeler bilen ýeterlik üpjün etmekde, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny baýlaşdyrmakda mynasyp beýanyny tapýar.
Sanly bilim ulgamy ýurdumyzyň ähli ugurlarda gülläp ösmegine, ykdysadyýetiň köpugurly pudaklaryna ylmyň döwrebap gazananlaryny işjeň ornaşdyrmaga, kämil tehnologiýalardan oňat baş çykarýan ýaş hünärmenleri terbiýeläp ýetişdirmäge netijeli itergi berýär. Sanly ulgamyň ýenede bir ähmiýetli tarapy ykdysadyýetiň depginli ösüşinde iň gymmatly serişde bolan maglumatlary jemlemäge şertleri üpjün edýänligindedir. Bu maglumatlar bolsa ýurduň geljekki ykdysady ösüşini çaklamaga, ylmy taýdan esaslandyrylan toplumlaýyn maksatnamalary işläp taýýarlamaga, ykdysadyýetiň durnukly ösüşine gönükdirilen zerur çäreleri geçirmäge mümkinçilik döredýär.
Sanly tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň halkara ykdysady giňişligindäki ornuny hasda pugtalandyrýan, dünýä döwletleri bilen dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklaryny ösdürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary
sag, ömürleri uzak bolsun!
Guwanç ÇENDIROW, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy,
Mejlisiň deputaty.