Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
«Ýaşyl» ykdysadyýet - bu durnuklylyk ýörelgelerine esaslanýan we daşky gurşawa ýetýän täsiri azaltmaga, çäklendirilmedik ykdysady ösüşde çäkli tebigy çeşmeleri ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we durmuş taýdan deňligi öňe sürmäge çalyşýan ykdysady ösüş çemeleşmesidir. «Ýaşyl» ykdysadyýete geçiş daşky gurşawa zyýan bermezden, uzak möhletli ykdysady ösüşi gazanmagy maksat edinýär. Gün tertibi — 2030-a ýetmekde «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek esasy ýolgörkeziji bolup durýar.
2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Pariž ylalaşygyna gol çekilmegi bilen, Ýer ýüzünde resurslary ulanmagyň netijeliligi ýokarlanyp, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine çekilýän maýa goýumlaryň gerimi giňeýär we daşky gurşawa zyýansyz tehnologiýalar ornaşdyrylmaga başlanýar. Pariž ylalaşygynyň maksady Ýer ýüzünde howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagyny ortaça 1,5 — 2o C℃ derejede saklamakdan, esasan, kömürturşy gazynyň zyýanly täsirlerine garşy göreşmekden ybarat bolup durýar. Türkmenistan bu ylalaşygy 2016-njy ýylyň oktýabrynda kabul edýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz «ýaşyl» geljek üçin ählumumy tagallalary durmuşa geçirmekde sebitde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşynda: «Garaşsyz döwletimiziň elektrik energetikasy pudagyna köp möçberde maýa goýumlar gönükdiriler. Türkmen energiýa serişdelerini daşarky bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek üçin elektrik energiýasynyň öndürilişi artdyrylar we ony ibermegiň ulgamy kämilleşdiriler. Geljekde ýurdumyzda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini, şol sanda Gün batareýalaryny öndürmegi giňden ýola goýmak we ornaşdyrmak hem meýilleşdirilýär» diýip nygtamagy milli ykdysadyýetimiziň energetika pudagyna aýratyn üns berilýändigine, alternatiw hem-de energetika serişdeleriniň görnüşlerini ikilenç peýdalanmagyň gerimini giňeltmegiň, energiýany tygşytlaýjy we innowasiýa tehnologiýalaryny işläp taýýarlamagyň, durmuşa ornaşdyrmagyň esasynda tebigy energiýa serişdeleriniň tygşytlylygyny, ygtybarlylygyny üpjün etmegiň maksat edilýändigine şaýatlyk edýär. Durmuş ulgamynyň ozaldan hem birnäçe halkara guramalarynyň agzasy bolan ýurdumyz 2018-nji ýylyň oktýabrynda Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) agzalygyna kabul edildi. Bu halkara gurama bilen gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy ylalaşylyp, göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmek üçin degişli işler yzygiderli alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň howa şertlerine laýyklykda, Gün we ýel energiýasyny ösdürmegiň mümkinçiligi örän uludyr. Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde Gün we ýel potensialy boýunça ikinji orunda durýar.
Soňky döwürlerde dünýäde has köp üns berlip ugralan «ýaşyl» energiýa — bioýangyç we bioetanoldyr. Bularyň gazylyp alynýan ýangyçlaryň ornuny tutup biljekdigi çaklanylýar. Bioýangyç biologik galyndylary gaýtadan işlemek arkaly alynýan çig mal bolup durýar. Bioenergetika nukdaýnazaryndan, ýurdumyzda hem täze gözlegler geçirilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we beýleki degişli edaralaryň hünärmenleri tarapyndan bu ugurda saldamly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda alymlar suwotulary ulanmak arkaly gaýtadan dikeldilýän energiýany öndürmek hem-de lagym we zeýkeş suwlaryny arassalamak maksady bilen durmuşa geçirip boljak işleriň mümkinçiliklerine garaýarlar.
«Ýaşyl» ykdysadyýete geçmekde Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygy babatda hem uly öňegidişligi gazandy. Dünýäniň ösen döwletleriniň iň häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak, netijede, galyndysyz, daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän önümçiligi gazanmagy maksat edinýän ýurdumyzyň ykdysady strategiýasy özüniň oňyn netijesini berýär.
Orazgeldi SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy