Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň birinji maslahatynda öňde goýan wezipelerinden we beren tabşyryklaryndan ugur alyp, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar hem-de deputatlar degişli işleri geçirdiler. Şunda saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmegiň hem-de ýöretmegiň halkara tejribeleridir kanunçylyk namalary yzygiderli öwrenildi hem-de bu möhüm çäräni ýokary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny işlenip taýýarlanyldy hem-de kabul edildi.
Halkyň we ýurduň bähbitleri nazarda tutulyp kabul edilýän maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegini gazanmak üçin milli parlamentde kanunlaryň yzygiderli kämilleşdirilmegi boýunça netijeli işler dowam edýär. Şu ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Mejlisiniň 7-nji çagyrylyşynyň 9-njy maslahaty geçirilip, onda täze kanunlar kabul edildi, ozaldan hereket edýänleriniň birnäçesine goşmaçalar girizildi. Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmegiň hem-de ýöretmegiň milli we halkara tejribesini özünde jemleýän «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bolsa saýlaw ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegine gönükdirilendir. Bu Kanun saýlawçylaryň we sala salşyga gatnaşyjylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmegiň we ýöretmegiň hukuk hem-de guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek bilen, onuň maksady göz öňünde tutulan maglumatlary öz içine alýan, maglumatlary saklamak, gaýtadan işlemek we ondan peýdalanmak üçin niýetlenen, saýlaw hukukly raýatlaryň döwlet hasabyny üpjün etmek üçin merkezleşdirilen sanly maglumat ulgamyny döretmekden hem-de bu hasabyň dogry hem dürs ýöredilmegini, raýatlaryň saýlaw hukugynyň berjaý edilmegini, maglumatlaryň ygtybarlylygyny, goraglylygyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Saýlaw işlerine sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň giňden ornaşdyrylmagy bu möhüm syýasy çäräniň häzirki zaman şertlerinde ýokary guramaçylykly derejede geçirilmegini üpjün eder. Şeýle hem sanaw ýörediji edaralara maglumatlary, resminamalary bermegiň, olara ýüz tutmagyň, şahsy maglumatlary döwürleýin täzelemegiň, anyklamagyň we olardan peýdalanmagyň tertipleri we şertleri, edaralaryň çözgütlerine, hereketlerine ýa-da hereketsizligine, şol sanda kazyýete şikaýat etmegiň tertibi bellenildi.
Kanun Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlangyjy boýunça Mejlis bilen bilelikde taýýarlanyldy. Şunda ähli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň teklipleri nazara alyndy. Kanun 6 bapdan we 34 maddadan ybarat bolup, Kanunyň esasy wezipeleri saýlawçylar baradaky şahsy maglumatlaryň hasaba alynmagyny guramakdan we ony ýöretmekden, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher, etrap, etrap hukukly şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny, ählihalk we ýerli sala salşyklary geçirmek üçin saýlawçylaryň sanawyny düzmekden ybarat bolup durýar. Şeýle-de onda Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça birnäçe işler göz öňünde tutulýar.
Saýlawlar demokratik jemgyýetiň möhüm binýady hasaplanýar. Munuň özi raýatlara öz pikirini açyk beýan etmäge, halkyň wekillerini saýlamaga we döwlet dolandyryşyna gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Bu gatnaşygyň netijesinde, jemgyýet ösüş ýoluna düşýär. Sebäbi saýlawlar arkaly halkyň islegleri we garaýyşlary döwlet syýasatynda öz beýanyny tapýar. Demokratiýanyň özeni hökmünde saýlawlar diňe bir halkyň wekillerini täzelemek üçin guramaçylyk işi bolman, jemgyýetiň syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik we medeni taýdan ösüşiniň hereketlendiriji güýjüdir. Dürli ýurtlarda geçirilýän saýlawlar arkaly raýatlar Hökümetiň alyp barýan işine baha berýär. Şeýlelikde, döwlet häkimiýeti halk tarapyndan kesgitlenýär we dolandyryjylar jemgyýetiň öňünde jogapkärçilik çekmäge borçludyr.
Saýlawlaryň jemgyýetiň dürli ulgamlaryndaky ösüşe ýetirýän täsirini giňişleýin seljermek we olaryň demokratik jemgyýeti döretmekdäki ähmiýetini düşündirmek esasy maksatlaryň biridir. Syýasy, ykdysady, jemgyýetçilik we medeni-ahlak ugurlary boýunça saýlawlaryň täsiri dürli mysallar arkaly düşündirilýär.
Saýlawlaryň ykdysady ösüşe ýetirýän esasy täsirleriniň biri ykdysady syýasatyň halkyň islegine laýyklykda kesgitlenilmegidir. Demokratik ýurtlarda saýlawlar arkaly saýlanan milletiň wekilleri halkyň ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen iş tutýar. Dalaşgärler öz maksatnamasynda ykdysady ösüşi gazanmak üçin dürli teklipler bilen çykyş edýär. Halk bolsa öz bähbitlerine laýyk syýasaty hödürleýän dalaşgärlere ses berýär. Bu ýagdaý döwletde ykdysady syýasatyň has netijeli we halkyň isleglerine laýyk bolmagyna getirýär.
Maýa goýum üçin durnuklylygyň döremegi barada aýdylanda, saýlawlaryň yzygiderli hem-de adalatly geçirilmegi daşary ýurtly we içerki maýadarlaryň ykdysadyýete ynamyny artdyrýar. Syýasy durnuklylyk we aç-açan dolandyryş maýa goýumlaryň artmagyna getirýär. Saýlawlar arkaly döredilen demokratik şertler ykdysadyýetde eýeçilik hukugynyň goralmagyny, kanunlaryň ýerine ýetirilmegini we telekeçilige goldaw berilmegini üpjün edýär. Netijede, daşary ýurt kompaniýalary şeýle ýurtlarda ykdysady gatnaşyk gurmaga isleg bildirýärler. Bu bolsa ykdysady ösüşi güýçlendirýär.
Saýlawlarda raýat işjeňliginiň ýokarlanmagy barada aýdylanda, bu çäräniň jemgyýetçilik ösüşine ýetirýän ilkinji uly täsiri raýatlaryň jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmagydyr. Saýlaw hereketleri adamlary jemgyýetde bolup geçýän wakalara göz ýetirmäge, syýasy meseleler bilen gyzyklanmaga, öz pikirini açyk beýan etmäge iterýär. Adamlar dalaşgärleriň maksatnamalary bilen gyzyklanyp, öz hukuklaryny öwrenýärler we jemgyýetçilik dialoglaryna gatnaşýarlar. Şeýlelikde, jemgyýetde işjeň, pikirli we jogapkärli raýatlaryň sany artýar. Bu bolsa jemgyýetiň ösüşine giň ýol açýar. Adalatly saýlawlar adam hukuklarynyň goralmagynyň möhüm kepili bolup çykyş edýär. Saýlawlaryň erkin we deň şertlerde geçirilmegi raýatlara öz pikirini beýan etmäge, dalaşgärlige hödürlenmäge we ses bermäge mümkinçilik döredýär. Bu hukuklaryň giňden ulanylmagy erkinligiň derejesiniň ýokarlanmagyna, Hökümetiň kanuny esasda hereket etmegine sebäp bolýar.
Raýatlaryň öz erk-islegini erkin beýan etmeginiň, halk demokratiýasynyň netijeli görnüşi bolan saýlawlary geçirmek boýunça ýurdumyzda baý tejribe toplandy. Bu günki dürli görnüşli saýlawlar il-ýurt bähbitli möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärelere öwrülýär. Saýlawlar raýatlaryň öz erk-islegini erkin we meýletin amala aşyrmagynyň hem-de milli demokratiýanyň özboluşly ýüze çykmasynyň netijeli guralyna öwrülýär. Netijede, saýlawlar jemgyýetiň ösüşiniň, durnuklylygynyň we agzybirliginiň esasy sütüni bolup, olaryň hereket edýän ýerinde pikirler diňlenilýär, ösüş ýolunda bilelikde ädim ädilýär. Şonuň üçin her bir raýat saýlaw hukugynyň gadyr-gymmatyna düşünýär we ony jogapkärli ýagdaýda peýdalanýar. «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi demokratik saýlawlaryň we raýat jemgyýetiniň has-da kämilleşmegini, her bir raýatyň asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek ugrundaky tagallalaryň yzygiderli dowam etdirilýändiginiň ýene-de bir güwäsidir.
Maksatberdi GURBANOW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň başlygy.