Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistan döwletimizi syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan çalt depginlerde ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän parasatly içeri we daşary syýasaty rowaçlanýar. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň durnukly ösüşiň ýolundaky gadamy barha batlanýar. Ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryndaky orny ýylsaýyn pugtalandyrylýar. “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatdan gözbaşly adamhakdaky aladail-gün bähbitli tutumlyişlerde öz beýanyny tapýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty şanly ýylymyzyň taryhy wakasy boldy. Bilşimiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan şu ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde “BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnama kabul edildi. Onlarça döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen bu halkara forum Türkmenistan döwletimiziň at-abraýynyň täze belentliklere çykýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň esasy maksady Milletler Bileleşigine agza deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakdan, ulag we logistika ulgamlaryny kämilleşdirmekden, sebitara we yklymara söwda gatnaşyklaryny has-da ösdürmekden, şeýle hem şol ýurtlaryň dünýä ykdysadyýetine doly derejede goşulyşmagyna ýardam bermekden ybarat bolup durýar. Munuň özi deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady-söwda, ulag we logistika babatda durnukly ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirjekdigi şübhesizdir. Şonuň ýaly-da, bu halkara maslahatda ulag geçelgeleri, serhetüsti söwda, energiýa çeşmeleri bilen ygtybarly üpjünçilik, azyk howpsuzlygy, sanly ykdysadyýet we howanyň üýtgemegi ýaly, halkara ähmiýetli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu halkara forumynyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreler guraldy. Şol döwürde MerkeziAziýanyň her bir ýurdunyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda milligününiň geçirilmegi, ondahalklaryň özboluşly millimedeniýetiniň, sungatynyň wemilli tagamlarynyň görkezilmegi dünýä halklarynyň ysnyşykly wedost-doganlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmegine ýardam etdi.
Türkmenistan Hazar deňziniň kenarynda suw we gury ýer ýollarynyň geografiki taýdan amatly çatrygynda ýerleşmek bilen sebitara we yklymara ykdysady we söwda hyzmatdaşlygynyň giň mümkinçiligine eýe bolup durýar. Bu mümkinçilikler bolsa, ýurdumyzyň aýdyň geljegini şöhlelendirýär.
Çary GURBANMYRADOW. Mary etrap hassahanasynyň 2-nji çagalar bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.