Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak hem-de bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň ornaşdyrylmagy, ýaş nesliň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekilmegi, ýurdumyzda bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ýaýbaňlandyrylyp, iri halkara ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi hem bu hakykaty doly tassyklaýar. Munuň özi Türkmenistanyň dünýä derejesinde sport merkezi hökmünde ykrar edilmegini şertlendirýär.
Dünýä derejesindäki sport ýaryşlary islendik ýurduň durmuşynda uzak möhletli özgerişleriň bolmagyna täsir edýär. Bu hakykaty Olimpiýa oýunlarynyň we futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň geçirilen ýurtlarynda sportuň täze derejä çykýandygynyň, raýatlaryň sagdyn durmuşa eýerýändiginiň mysalynda görkezip bolar. Türkmenistan babatda aýdylanda, 2017-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilmegi öwrülişikli pursat boldy. Şol Oýunlary ýokary derejede geçirmek üçin döredilen döwrebap düzümler ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleri boýunça sebit we dünýä derejesindäki ýaryşlary üstünlikli guramaga mümkinçilik berer. Şu ýylyň 23 – 28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde guraljak Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ýaryşlary hem paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başabaş söweş sungaty toplumynda guralar. Şeýle iri ýaryşlaryň ýene biri – Sambo boýunça dünýä çempionaty hem geljek ýyl hut şu ýerde ýaýbaňlandyrylar. Häzirki döwürde abraýly dünýä çempionatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň hem meýilnama esasynda iş alyp barýandygyny bellemelidir. Ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan ybarat bolan meýletinçileriň hem bu ýaryşa talabalaýyk gatnaşmagy ugrunda netijeli işler geçirilýär.
Türkmenistanly türgenler diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ýaryşlarda hem üstünlikli çykyş edip, Baýdagymyzy belentde parladýarlar. Munuň özi ýaş, gujurly hem ussat türgenlerimiziň ýakynlaşyp gelýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynda şowly çykyş edip, ajaýyp sport baýramçylygynda sport muşdaklaryny begendirjekdiklerine uly ynam döredýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemek babatyndaky şahsy göreldesinden ruhlanýan türgenler geljekde hem halkara derejesinde ýurdumyzyň sport abraýyny artdyrarlar.
Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň baş hünärmeni