Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde iş saparynda bolup, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisiniň ilkinji gününe gatnaşmagy we onda çykyş etmegi diňe bir Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, halkara hukugyň esas goýujy ýörelgelerine ygrarlydygyny subut eden waka bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga goşant goşmaga hem taýýardygyny aýdyň görkezen möhüm ädim boldy. Döwlet Baştutanymyzyň taryhy çykyşynda sebit we halkara ähmiýetli meseleler boýunça netijeli çözgütleri öz içine alýan Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary öz beýanyny tapdy. Ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ösüş, ekologiýa howpsuzlygy, köptaraplaýyn ynsanperwer we halkara hukuk hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýaly ugurlar boýunça öňe sürlen anyk teklipleriň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe boljakdygy şübhesizdir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň BMG-niň belent münberinden beýan eden teklipdir başlangyçlarynyň ähmiýeti, Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäginde geçirilen beýleki çäreler barada bu döwletli sapara şaýat bolan türkmen wekiliýetiniň agzalary, ine, şeýle diýýärler:
Baýramgözel MYRADOWA, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy:
— Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisindäki taryhy çykyşy ýurdumyzda alnyp barylýan köpugurly daşary syýasatyň, öňe sürülýän başlangyçlaryň dünýäniň halklarynyň abadançylygyna, asudalygyna we gülläp ösüşine gönükdirilýändiginiň nobatdaky gezek aýdyň ýüze çykmasydyr.
Ynsanperwer hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlarynyň esasy ugurlarynyň biridir. Biziň döwletimiz ynsanperwer hyzmatdaşlyga halklaryň arasynda ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň möhüm ugry hökmünde garaýar. Döwlet Baştutanymyz ýubileý sessiýada eden çykyşynda bu barada: «Häzirki wagtda giň ynsanperwer hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin BMG-niň ornuny pugtalandyrmagyň, halklary ýakynlaşdyrmaga we olaryň arasynda özara düşünişmegi berkitmäge, ruhy-medeni gymmatlyklaryň tapawutlylygyndan gelip çykýan päsgelçilikleri aradan aýyrmaga, medeni diplomatiýanyň netijeli ýollaryny herekete getirmäge ýardam etmegiň möhümdigine ynanýarys» diýip belledi we medeniýetleriň arasynda dialogy ösdürmek, Baş Assambleýanyň halkara gatnaşyklarda köpdilliligi goldamak boýunça Kararnamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi yglan etmegi teklip etdi. Elbetde, bu başlangyç halklaryň arasynda ynanyşmagyň, özara düşünişmegiň hem-de dialogyň pugtalandyrylmagyna ýardam eder.
Türkmenistan adam mümkinçilikleriniň, medeniýetara dialogyň, adam hukuklarynyň ilerledilmegine ýardam berýän taslamalary yzygiderli öňe sürýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda hem ýurdumyz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň çäginde «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly halkara geňeşmeleri geçirmek başlangyjyny öňe sürer. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar dialogynyň gerimini giňeltmek maksady bilen, «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» ählumumy gün tertibiniň çäklerinde Merkezi Aziýanyň ýaşlar dialogyny geçirmegi, Aşgabatda ýaş parahatçylyk gurujylary taýýarlajak sebitleýin platformany döretmegi teklip eder. Şeýle-de Türkmenistan «Parahatçylygyň we ösüşiň esasy hökmünde Beýik Ýüpek ýolunyň medeni mirasy» atly Kararnamanyň taslamasyny Baş Assambleýanyň garamagyna hödürlemegi maksat edinýär. Bu başlangyç halklaryň arasynda ynanyşmagyň, özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň esasy hökmünde taryhy-medeni mirasyň ähmiýetini açyp görkezmäge gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürülýän ähli halkara başlangyçlar BMG-niň Tertipnamasyna we esas goýujy resminamalaryna, uzak möhletli maksatlaryna laýyklykda beýan edilýär. Geljekde-de döwletimiz halkara işlerde BMG-niň eýeleýän esasy ornuny pugtalandyrmak ugrunda yzygiderli çykyş etmegini dowam etdirer. Şunda halkara hukugyň berkidilmegi, halkara kadalaşdyryş binýadynyň kämilleşdirilmegi, BMG-niň konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň we beýleki köptaraplaýyn resminamalarynyň durmuşa geçirilişiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy munuň esasy şerti hasaplanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy-da parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň halkara hukuk binýatlaryny pugtalandyrmakda möhüm ädimleriň biri bolar.
Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýlarynyň öňüsyrasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran iş saparynyň üstünliklere beslenmegi, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda taryhy çykyş etmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.