Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda toýlarymyz toýa ulaşýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy toýlanylýan şanly ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy hem uly dabaralara beslenip bellenip geçildi. Halkymyz bu şanly baýramçylygy mynasyp zähmet üstünlikleri bilen garşylady.
Garaşsyzlyk bu biziň şu günümizde ýeten belent sepgitlerimiz bolmak bilen, ata-babalarymyzyň asyrlarboýy kalbynyň töründe göterip gelen elýetmez arzuwydyr. Sözüň doly manysynda, ol Garaşsyz döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň, abadançylygynyň, jebisliginiň berk binýadydyr.
Bu gün mizemez beýik türkmen döwleti tutuş dünýäde giňden tanalýar. Garaşsyzlyk ýyllarynyň ilkinji günlerinden başlap, özüniň saýlap alan bitaraplyk, parahatçylyk ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi üç gezek ykrar edildi. Garaşsyz Türkmenistan bu gün ýer ýüzünde parahatçylygy, ynsanperwerligi dabaralandyrýan ýurt hökmünde tanalýar. Bu taryhy döwürde ýurdumyz dünýäniň köp döwletleri bilen dostlukly diplomatik gatnaşyklary işjeň ýola goýdy.
Geçen 34 ýylda ýurdumyz senagat, oba hojalyk, ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet we beýleki ulgamlarda dünýä derejesinde ösüşleriň belent sepgitlerine eýe boldy. Durnukly ykdysady ösüş ýurdumyzyň uzak möhletleýin strategiýasynyň baş maksady bolmak bilen, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alan maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022— 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022—2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna» laýyklykda, beýik işler durmuşa geçirilýär.
Garaşsyzlyk baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Öňaldy» geňeşliginiň çäginde Döwletli mekan obasy, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň çäginde Bitaraplyk şäherçesiniň açylyp ulanmaga berilmegi hem halkymyz üçin mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyna toý sowgady boldy. Durmuşa geçirilýän oýlanyşykly we netijeli işler ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halk bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk toýunda egsilmez şatlyk duýgularyny başdan geçirip, Baş baýramy zähmet üstünlikleri bilen garşy alan raýatlarymyz, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy ugrunda edýän yzygiderli tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan edýärler.
Allaýar OMAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy.