​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
04.10.2025

BELENT YKRARNAMA

 

     2025-nji­ ýyl­ Türk­me­nis­ta­nyň ­he­mi­şe­lik ­Bi­ta­rap­ly­gy­nyň ­şan­ly­ 30­ ýyl­lygy­nyň ­hal­ka­ra ­de­re­je­de­ bellenilýändi­gi ­bi­len­ ta­ry­ha­ altyn ­harp­lar ­bilen ýa­zy­lar.­ Ýur­du­my­zyň­ baş­lan­gy­jy­ bi­len ­şu­ ýylyň­ Bir­le­şen ­Mil­let­ler ­Gu­ra­masy­nyň ­Baş ­As­samb­le­ýa­sy­nyň­ Ka­rar­na­ma­sy ­esa­syn­da ­«Hal­ka­ra ­pa­ra­hatçy­lyk­ we ­yna­nyş­mak ýy­ly» ­diý­lip ­yg­lan ­edil­me­gi ­hem ­hut­ şol ­şan­ly­ se­ne mynasybetlidir.­ 

 

     Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şanly wakalarynyň biri bolup, ol türkmen Bitaraplygynyň umumadamzadyň durmuşynda örän uly ähmiýete eýedigini aýdyň görkezdi. 

     Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletimiziň at-abraýyny, şan-şöhratyny beýgelden, hemişelik Bitaraplygymyzyň halkara syýasy giňişlikdäki ornuny we ähmiýetini artdyran beýik başlangyçlaryny, taryhy tutumlaryny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze üstünliklere besläp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan beýik işler ýurdumyzyň parahatçylygy, ynanyşmagy, dost-doganlygy dünýäde has-da berkitmekde aýratyn işjeňlik görkezýändigini kepillendirýär. «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy» esasynda alnyp barylýan şol beýik tutumlar, döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan wezipelere laýyklykda öňe sürýän teklipleridir başlangyçlary bu gün halkara giňişliginde uly goldawa eýe bolýar. 

     Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda özara düşünişilmegi, garaýyşlaryň ýakynlaşmagy, hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň netijeli nusgalarynyň taýýarlanmagy babatda täze mümkinçiliklere uly itergi berýär» diýip nygtaýar. Döwlet Baştutanymyzyň bu sözleriniň döwrümiziň mizemez hakykatynyň beýanydygy bolsa bütin dünýäde belent ykrarnama eýedir.

 

Perman SAPAROW, Türk­me­nis­ta­nyň­ Mej­li­si­niň ­dur­muş syýasa­ty ­ba­ra­da­ky ­ko­mi­te­ti­niň ­baş ­hü­när­me­ni.