Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýeňişli sepgitleri, şanly wakalary il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýär. Şu ýylyň 19-njy sentýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm waka, milli demokratiýamyzyň dabaralanmasy boldy. Halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän milli däplerinden we häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik kadalaryndan ugur alnyp, bu forum jemgyýetimiziň dürli wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirildi.
Mejlisde Türkmenistan döwletimizi durmuş-ykdysady we medeni taýdan sazlaşykly ösdürmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ählihalk forumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuň manyly çykyşlary üns berlip diňlenildi. Elbetde, jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçen bu taryhy wakanyň şaýady bolmak bagtyýarlykdan nyşan. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda ýurdumyzyň ylym ulgamynda ylmy barlaglaryň we täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak işinde ýokary okuw mekdeplerine aýratyn uly ornuň degişlidigini belläp geçdi. Geljekde-de, ýurdumyzda ýene-de köp sanly bilim edaralarynyň guruljakdygyny nygtady.
Jemgyýetimiziň giň wekilçiliginiň gatnaşmagynda geçirilen umumymilli forumda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça çözgütler kabul edilip, wajyp wezipeler öňde goýuldy. Olaryň durmuşa geçirilmegi bolsa, Türkmenistan Watanymyzyň depginli ösüşine itergi berer.
Merdan ORAZMEREDOW. TDEI-niň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty