Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Ýurdumyzdaky taryhy-medeni ýadygärlikler türkmen halkynyň şan-şöhratly geçmişini aýdyň şöhlelendirýän gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, medeni mirasymyza aýawly çemeleşmek, taryhy-medeni ýadygärliklerimizi ylmy taýdan düýpli öwrenmek, wagyz etmek, gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek işleri giň gerimde alnyp barylýar. Munuň şeýledigini «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi-de aýdyň görkezýär. Şunuň bilen baglanyşykly, Dehistan orta asyr şäherindäki Juma metjidinde we bu gadymy şäheriň gündogar kerwensaraýynda, Daşoguz welaýatyndaky kerwensaraý ýadygärliginde, Lebap welaýatyndaky Daýahatyn kerwensaraýynda, Mary welaýatyndaky Akjagala kerwensaraýynda arheologiýa ylmy-barlag we rejeleýiş-berkidiş, ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.
Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, şu günler «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasyna degişli Abiwert-Peştag galasynyň günbataryndaky XI asyra degişli Juma metjidiniň çäginde arheologiýa gazuw-barlag we berkidiş işleri geçirilýär. Netijede, XIX asyryň ortalarynda ýykylan bu metjidiň peştagynyň sag hem çep sütünleri ýüze çykaryldy. Sütünlerde tapawutly binagärlik tilsimleri ulanylyp, olar inedördül bişen kerpiçden örülipdir. Kerpiç örümleriniň arasy «S» harpyna meňzeş bezegler bilen bezelipdir. Gazuw-barlag işleriniň dowamynda birnäçe arhitektura bezegleri-de tapyldy. Olaryň Juma metjidiniň peştag sütünleriniň bezeginde ulanylandygy anyklanyldy.
Maýa HOJYÝEWA, «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, Mejlisiň deputaty.