Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde, ynsanperwer ýörelgeleri wagyz etmekde, berk binýatly maşgalalaryň kemala gelmegini gazanmakda, sagdyn we ruhubelent nesilleri kemala getirmekde, jemgyýetiň ruhy-aň düşünjelerini kämilleşdirmekde zenanlaryň zähmeti, paýhasy we tejribesi aýratyn ähmiýete eýedir. Zenanlaryň erkekler bilen deň derejede jemgyýetçilik we döwlet işlerine gatnaşmaga, çözgüt tapmakda wekilçilik etmäge bolan ukyby hem ösüş gazanmagyň möhüm şertleriniň biridir. Şonuň üçin hem Türkmenistanda zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, gender syýasatyna aýratyn üns berilýär. Bu ugurda biziň döwletimiz halkara guramalar hem-de daşary ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy mynasyp dowam etdirýär. Şeýle işler bolsa zenanlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda olaryň hukuklaryny goramaga we yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen şertleri giňeltmek, öz hukuklaryndan peýdalanmak mümkinçiligini artdyrmak ýaly maksatdyr ýörelgeleri ileri tutýar. Ýurdumyzda hereket edýän “Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda bu ýörelgeler giňişleýin beýanyny tapýar.
Baky Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylmagy zenanlaryň buýsanjyny artdyran taryhy waka boldy. Çünki zenanlar bilen ýaş nesilleriň ykballarynyň biri-birinden üzňe däldigi inkär edilmesiz durmuş hakykatydyr. Zenanlaryň bagtyýarlygy çagalaryň saglygy, bagty, maşgala bitewüligi we berkligi bilen aýrylmaz baglydyr.
Ynsanperwer meseleleriň çözülmeginde, ýaş nesilleriň saglygyny gazanmakda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň uly ähmiýete eýe bolýandygy aýratyn bellärliklidir. Gaznanyň öz işini halkara derejede ilerletmegi, ilkinji nobatda, döwletimizde we jemgyýetimizde adama goýulýan sarpanyň aýdyň güwäsidir. Häzirki döwürde jemgyýetde zenanlaryň hereketi barha giň gerime we işjeň häsiýete eýe bolýar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň zenan ýolbaşçylarynyň forumdyr dialoglarynyň dowamly geçirilip durulmagy hem dürli ulgamlarda zenanlaryň zähmetine daýanýan täze taslamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine, hyzmatdaşlygyň ýollaryny işjeňleşdirmäge, netijeliligi ýokarlandyrmaga esas bolýar. Ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara maslahatynyň geçirilmegi hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda zenanlaryň durmuşynda ýatdan çykmajak möhüm waka bolup, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jemgyýetimizde gender deňligini gazanmaga gönükdirilen nusgalyk işleriň dünýä ýaýylýandygyny we barha rowaçlanýandygyny aýdyň görkezdi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň başlyklyk etmeginde geçirilen maslahat jemgyýetiň we ýurtlaryň ösüşine zenanlaryň goşýan goşandynyň hem-de zenanlara goýulýan hormatyň uludygynyň subutnamasy boldy. Forumyň çäklerinde geçirilen sergide bolsa gelin-gyzlaryň döreden gymmatlyklaryna, olar üçin niýetlenen şaý-seplere möhüm ornuň berlip, onda ýurdumyzyň ýeten derejesiniň öz beýanyny tapmagy maslahatyň özboluşly aýratynlygyna öwrüldi.
Zenanlaryň syýasy-ykdysady işjeňligini artdyrmakda, mümkinçiliklerini giňeltmekde we goramakda taýsyz tagalla edýän, olaryň hormat-sarpasyny belende göterýän, ýaş nesilleriň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna nusgalyk işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, döwletli tutumlary, maksatly başlangyçlary üstünliklere beslensin!
Annabagt Maýewa, welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli bilim, terbiýe we mekdepden daşary edaralar bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.