Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda syýahatçylyk pudagynyň ýurduň ykdysady ösüşindäki paýynyň ýokarydygyny beýan etmek bilen, ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmegiň zerurlygyna üns berilýär. Myhmanhana ýa-da beýleki desgalar bilen birlikde, dünýä derejesinde sport desgalarynyň hem gurulmagyny dowam etmek başlangyjynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz bilen duşuşdy.
Ýurdumyzda gurulýan her bir sport desgasynyň ildeşlerimizde sporta we sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmaga uly gyzyklanma döredýändigi aýdyň ýagdaýdyr. Aşgabat şäherinde gurlan we halkara standartlaryna laýyk gelýän, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň hem-de syýahat üçin gelýän myhmanlarynyň arasynda meşhur bolan döwrebap golf klubunyň taslamasy muňa mysal bolup biler. Bu taslama ýurdumyzda tebigatdan üzňe bolmadyk, açyk howada oýnalýan golf sportuny ösdürmekde möhüm ädim boldy.
Golf sporty XV asyrda ýüze çykyp, kadalary 1774-nji ýylda düzülen sportyň bir görnüşidir. 1900 we 1904-nji ýyllarda, şeýle hem 2016-njy ýyldan bäri Olimpiada oýunlaryna girizilen sportuň bu görnüşi ählumumy derejede gyzyklanma eýe bolup durýar. Golf sportunyň artykmaçlyklary açyk howada ýöreýiş, beden terbiýesi, ünsüňi jemlemek, strategik pikirlenmek ukyby ýaly köptaraply artykmaçlyklara eýedir. Bu sport adamlaryň arasynda gatnaşyklary ösdürmek, klub agzalygy arkaly jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmak ýaly endikleri hem kemala getirmäge ýardam berýär.
Syýahatçylyk ugurlarynyň gerimini we onuň köp görnüşlerini giňeltmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, pudak üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak we maglumat-mahabat işini güýçlendirmek arkaly içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynyň ösüşini gazanmak bu babatda ýaýbaňlandyrylan möçberli işleriň esasy ugry bolup durýar. Ekologiýa görkezijileri babatda iň arassa kenarlaryň biri hasaplanylýan Hazar deňziniň türkmen kenary — «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy halkara we ýerli syýahatçylyk üçin örän täsirli we tebigatyň gaýtalanmajak gözelliklerine eýedir. Hoştap deňiz howasy, mineral birleşmeleri we bejeriş palçyklary bilen meşhur bolan Hazar deňziniň kenary täsin haýwanat dünýäsi we biodürlüligi bilen ekosyýahatçylyk ulgamyny ösdürmek üçin örän amatly mekandyr. Şeýle gözel künjekde bar bolan sport desgalarynyň dünýäde ýylsaýyn meşhurlygy artýan golf meýdançalarynyň gurulmagy arkaly üstüniň ýetirilmegi Awazany ýurdumyzyň öňdebaryjy dynç alyş we sport merkezine öwürmekde nobatdaky ädim bolar.
Ýakynda bilimde we sportda ýurdumyza halkara derejesinde mynasyp wekilçilik edip, baýrakly orunlary gazanan ýaşlarymyz we olary ýokary derejede taýýarlan mugallymlar we tälimçiler hormatly Prezidentimiziň degişli Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň sylaglaryna mynasyp boldular. Gurulmagy göz öňünde tutulýan täze, döwrebap desgalar hem ýaşlarymyza sport bilen meşgullanmaga we dünýä derejesinde geçirilýän bilim we sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmäge täze mümkinçilikleri açar. Ýurdumyzyň sport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak ugrunda dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň , Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
Kerimguly GELDIÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty