Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda başy başlanan asylly işler häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, nurana geljeginiň binýadyny emele getirýän beýik ösüşler gazanylýar. 2026-njy ýyl eziz Diýarymyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçer. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň belleniljek şanly ýyly şeýle buýsançly at bilen atlandyrmak barada halk wekillerinden, iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlardan, raýatlardan gelip gowşan teklipleri goldamagy esasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli kararynyň kabul edilmegi ildeşlerimizde buýsanç duýgusyny döretdi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» we beýleki maksatnamalar esasynda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde ýokary ösüşler gazanylýar. Täze şäherdir obalaryň gurluşyklary ýokary depginde dowam etdirilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady, maliýe we maýa goýum kuwwatyny görkezýän Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy üstünlikli alnyp barylýar. «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgeden, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygardan ugur alnyp, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ulgamlarda düýpli özgertmeler, giň gerimli maksatnamalar, taslamalar durmuşa geçirilýär. Munuň netijesinde Diýarymyz durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. Şeýle-de döwletimiziň halkara giňişlikde dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, parahatçylygy, ynanyşmagy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek barada edýän tagallalary uly üstünliklere beslenýär. Ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlary, öňüni alyş diplomatiýasy, öňe sürýän daşary syýasy başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramalar tarapyndan yzygiderli goldanylýar.
Döwletimiz ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgelere esaslanyp, özüniň daşary syýasatynda dost-doganlyk, hoşniýetli, parahatçylykly ýörelgelerine eýerýär. Özüniň daşary syýasatynyň baş ugry hökmünde oňyn bitaraplyk syýasatyny saýlap, bu günki günde dünýä döwletleri bilen diplomatik hem-de parlamentara gatnaşyklary giň gerimde ösdürýär.
Ýurdumyz döwletara, sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Sebitara ykdysady hyzmatdaşlyk durnukly ösüşi üpjün etmekdestrategik ähmiýete eýedir. Ol söwda, energetika, ulag weekologiýa ýaly ugurlarda bilelikdäki taslamalary öz içine alýar. Bu ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek diňe birykdysady ösüşe ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, ýurtlaryň arasyndaky ynanyşmak dialogyny hem pugtalandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Ýakup ATABAÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.