​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
09.01.2026

GELJEGI GIŇ GATNAŞYKLAR

 

    Hormatly Prezidentimiz 2025-nji  ýylyň soňky aýynda Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde «Merkezi Aziýa ­ Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitinegatnaşmagy  köpugurly hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde we dostluklydöwletleriň özara bähbitli başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmegindetäze sahypany açdy. 

 

    Aslynda, dünýä döwletleri bilenbirek­birege sarpa goýmaklyga, ynanyşmaklyga esaslanýan gatnaşyklaryň geriminiň giňeldilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň daşary syýasatynyň alyslary nazarlaýan maksatlarynyň özenini düzýär. Ajaýyp zamanamyzda herbir arkaatylýan ýyl şeýle gatnaşyklaryň täze sahypalarynyň taryhdan orunalmagy bilenjemlenilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan gözbaşy goýlup, hormatly Prezidentimiziň ynamlygadamlar bilendowam etdirýän daşary syýasatynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň guwandyryjy görkezijisidir. Şeýle rowaç hyzmatdaşlyklaryalyp barýan ýurtlarymyzyň biri­de Ýaponiýadyr. Bagtyýar döwrümizde ikitaraplaýyn türkmen­ýapon gatnaşyklary BMG­niň we beýleki abraýly halkaradüzümleriň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlyklaryň üstüni ýetirýär. Ählumumy meseleler boýunça garaýyşlaryň doly gabat gelýändigi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň barha giň gerime eýe bolmagyna şert döredýär. Hormatly Prezidentimiziň bu dostlukly ýurda geçen ýylyň dowamynda iki ýola iş saparyny amalaaşyrmagy­da muňa şaýatlyk edýär. 

    Bu günki gün türkmen­ýapon gatnaşyklary innowasion serişdeleri döretmekde, ulanmakda, dürli ulgamlarda döwrebap dolandyryş çözgütlerini işläp taýýarlamakda weornaşdyrmakda barha giň gerim alýar. Bu hyzmatdaşlyklar «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Onuň çäklerinde oba hojalygy, ulag wemaýa goýumlar ýaly ugurlary öz içine alýan sebitderejesindäkibirnäçe ykdysady taslamalar durmuşa geçirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz sebithyzmatdaşlygyny ösdürmek we dünýä jemgyýetçiligi bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak arkalyMerkezi Aziýada durnukly ösüşe ýardam bermekligi maksat edinýän bu formataanyk ykdysady mazmun bermäge çalyşýar. Diýarymyzda öňdebaryjy ýaponkompaniýalarynyň gatnaşmagynda iri gazhimiýa senagatkärhanalarynyň gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr. «MerkeziAziýa — Ýaponiýa» dialogynyň ilkinjisammitinde eden Çykyşynda hem hormatly Prezidentimiz Ýaponiýa bilen ýetilen ikitaraplaýyngatnaşyklaryň we işewürlik hyzmatdaşlygynyň ýola goýlan mehanizmleriniň derejesine ýokarybaha berdi.

    Birek­birege ynamyň köki berk bolanda hyzmatdaşlyklaryň gerimi­de barha giňemek bilen. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde «Mitsubishi», «Kawasaki»,  «Sumitomo», «Komatsu», «Toyota» ýaly meşhur ýapon kompaniýalary  ýurdumyzda gaz pudagynda, himiýa senagatynda, elektroenergetikada, ulag, suw hojalygynda we beýleki strategik taýdan ähmiýetli ulgamlarda iri we uzak möhletleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşantlaryny goşup gelýärler. Olardan Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki poliýetilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň, Owadandepedäki gazy gaýtadan işleýän zawodyň we başga­da birnäçe iri­iri kärhananyň işe girizilmegi bilen baglanyşykly durmuşa geçirilen işleri ýatlap bolar. 

     Hoşniýetli ynsanlaryň mekany bolan Ýaponiýa bilen dostana gatnaşyklar baradaky gürrüňimizi Gahryman Arkadagymyzyň  «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndaky parasat jümleleri bilen jemlemegi makul bildik: «Ýapon halky bilen biziň halkymyzyň arasynda umumylyklar, meňzeşlikler hem bar. Men uzak ömri arzuwlaýan «Banzaý!» ýapon arzuwynyň türkmenleriň bähbitli işlere çagyryş hökmünde ýygy­ýygydan peýdalanýan «Öňe!» diýen şygary bilen meňzeşdigini bellemek isleýärin». 

     Goý, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew  batly at­myradyň mekany» ýylynda hem hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan rowaçlanýan gadamlarymyz alyslardan alyslara uzasyn. 

 

Perman SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni