​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
13.01.2026

Ýylymyzyň şygary — kalbymyzyň kelamy

 

     Ähli ugurlarda bedew bady bilen okgunly öňe barýan, halkara abraý-mertebesi belende göterilýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy indi asylly däp-­ýörelgä öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan gözbaş alýan bu ýörelge ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň abadançylygynyň, watançylyk ruhunyň, şöhratly taryhymyzda gazanylan milli gymmatlyklarymyza bolan çäksiz buýsanjynyň mynasyp beýanyna öwrülýär. Şol bir wagtda hem ýylyň döwrebap şygary merdana halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli durmuş­-ykdysady özgertmelere mundan beýläk­-de mynasyp goşant goşmak hyjuwyny hem aýdyň şöhlelendirýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, 2026-­njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at­-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi munuň nobatdaky subutnamasy boldy. 

     Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda eziz Watanymyz özüniň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk taryhy senesiniň dabarasyny jümle-­jahana doljak toý­-baýrama beslär. Sebäbi şanly Garaşsyzlyk  ýurdumyzyň sarsmaz binýadydyr, eşretli durmuşymyzyň gözbaşydyr. Gahryman Arkadagymyzyň örän jaýdar nygtaýşy ýaly, Garaşsyzlyk halkymyz üçin döretmäge, gurmaga güýç-­kuwwat berýän, beýik maksatlara ruhlandyrýan mukaddes düşünjedir. Ýylyň şygarynda mynasyp orun alan behişdi bedewlerimiz bolsa türkmen halkynyň dünýäniň medeni ösüşine goşan mynasyp goşantlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyz özüniň «Atda wepa-da bar, sapa-­da» atly kitabynda göz guwanjymyz, buýsanjymyz bolan bedewlerimize şeýle baha berýär: «Bedew — ösüşlere ýetmegiň nusgasy, bizi beýik üstünliklere telwaslandyrýan uly güýç». Arkadagly Gahryman Serdarymyz bolsa ahalteke bedewlerimiz barada şeýle diýýär: «Wepadarlygy, owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy bilen halkymyzyň göz-­guwanjyna we milli buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlerimiz il­-günümiziň uçar ganatydyr, köňül buýsanjydyr». «Garaşsyz, baky  Bitarap Türkmenistan — bedew batly at­-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026­-njy ýylda öňde durýan beýik maksatlar, taryhy tutumlar türkmen halkynyň ýurt Garaşsyzlygymyz, ahalteke bedewlerimiz babatdaky buýsanjyny, guwanjyny kämilligiň çäksiz belentliklerine göterer. Munuň özi mähriban Watanymyzyň dünýäde has­-da belende göteriljek abraý-mertebesidir. 

     Şöhratly täze taryhymyzda mynasyp orun alan 2025-­nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem ýurdumyzyň abraý-­mertebesini Arşa göteren ýyllaryň biri boldy. Bilşimiz ýaly, geçen ýylda berkarar Diýarymyz BMG-­niň Baş Assambleýasy  tarapyndan üç gezek  ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň 30 ýyllygyny dünýä ýaň salan dabaralara besledi. Bu taryhy sene mynasybetli halkara derejeli çäreleriň birnäçesi ýokary guramaçylykda geçirildi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen hem­-de birnäçe günläp dowam eden  BMG-­niň  Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny şeýle möhüm ähmiýetli çäreleriň hatarynda görkezmek bolar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň şahamçasynyň açylmagy, şeýle­-de ol ýerde Türkmenistanyň Hökümetiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-­sahawat gaznasynyň  Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahatynyň geçirilmegi  ýylyň taryhy wakalarynyň üstüni ýetirdi. 

     Elbetde, geçen ýylda ýurdumyzda şunuň ýaly umumadamzat ähmiýetli, halkara derejeli çäreleriň onlarçasy geçirildi. Olaryň hemmesini agzap  geçmek hem mümkin däl. Emma, esasy  zat  şeýle taryhy pursatlar eziz Watanymyzyň özüniň hemişelik Bitaraplyk  hukuk derejesiniň ynsanperwer ýörelgelerine berk eýermek arkaly dünýäde ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk  ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary  ýola goýmagyň gymmatly  tejribelerine eýedigini ýene bir ýola dünýä ýaýdy.

     Halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün edýän şeýle döwletli tutumlaryň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolup, mähriban Diýarymyzy gülledýän beýik işleri üstünliklere beslensin!

 

Guwanç ÇENDIROW, TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.