​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
13.01.2026

WIRTUAL AKTIWLERIŇ HUKUK ÝAGDAÝY

 

     Ar­ka­dag­ly­ Gah­ry­man ­Ser­da­ry­my­zyň ­alyp ­barýan ­pa­ra­sat­ly­ sy­ýa­sa­ty ­ne­ti­je­sin­de,­ 2025-­nji­ ýyl hal­ky­myz ­we­ ýur­du­myz­ üçin­ mö­hüm­ wa­kala­ra baý bo­lup, ösü­şiň be­lent sep­git­le­ri­ne ýe­til­di hem-­de uly üs­tün­lik­ler gaza­nyl­dy. «Ga­raşsyz,­ ba­ky­ Bitarap Türkmenistan­—­ be­dew  bat­ly at­-my­ra­dyň me­ka­ny» diýlip atlandy­ry­lan 2026­-njy ýyl­da bol­sa döw­let Garaşsyzlygymy­zyň şan­ly 35 ýyl­ly­gy­ny daba­ra­lan­dyr­ýan hem-de ata Watany­my­zyň ab­raý-mer­te­be­si­ni has-­da be­lent­lik­le­re ýetir­jek çä­re­ler­ giň­ gerime­ eýe ­bo­lar.­ Mil­li­ ykdysady­ýe­timi­zi  mun­dan beý­läk-­de pug­ta­lan­dyr­mak, ylym, bi­lim, sag­ly­gy goraýyş ­we ­beý­le­ki­ pudakla­ry ös­dür­mek­ bo­ýun­ça halk­ bäh­bit­li­ iş­ler dur­mu­şa­ geçiriler.­

 

     Buýsandyryjy wakalara baý bolan 2025-­nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen birlikde kanunçylyk namalaryny döwrebaplaşdyrmak bilen bagly hem ençeme işler durmuşa geçirildi. Şeýlelikde ýurdumyzyň kanunlarynyň we kanunçylyk namalarynyň birnäçesi döwrebap derejede kämilleşdirildi. 2025-­nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň  Mejlisiniň nobatdaky maslahaty geçirilip, onda «Türkmenistanyň 2026­-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda», «Türkmenistanyň goňşy ýurtlar bilen baglaşan halkara şertnamasyny hem-­de öň goşulan Konwensiýa üýtgetmeleri girizmek hakyndaky Teswirnamany tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, hereket edýän kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly kanun taslamalaryna garaldy. Şolar bilen birlikde dünýä ýurtlarynda hem­-de sebitde emeli aň we sanly tehnologiýalaryň ösmegi bilen baglylykda wirtual aktiw bilen bagly işleri kanunçylyk taýdan düzgünleşdirmek, sanly walýuta hem­-de kriptowalýuta bazarlaryny kadalaşdyrmak maksady bilen, «Wirtual aktiwler hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy işlenilip taýýarlanyldy.

     Kanun taslamasynda wirtual aktiwleriň hukuk ýagdaýy, dolanyşygynyň aýratynlyklary, wirtual aktiwler çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, işiň döwlet düzgünleşdirmesiniň esasy ýörelgeleri hem-­de düzgünleşdirilýän işiň görnüşleri beýan edilýär. Wirtual aktiwler çygrynda düzgünleşdirilýän işler hökmünde: maýning, wirtual aktiwleriň goýberilmegi we ilkinji ýerleşdirilmegi hem-­de wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijileriň işi göz öňünde tutulýar. 

     Kanun taslamasynda wirtual aktiwler çygrynda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýan edaralar hökmünde Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Merkezi banky, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi, Türkmenistanyň Energetika ministrligi, ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki merkezi edaralary we ýerli edaralary göz öňünde tutulýar hem­-de olaryň ygtyýarlylyklary beýan edilýär. 

     Kanun taslamasyna laýyklykda, maýningiň hususy we senagat görnüşinde  amala aşyrylmagynyň göz öňünde tutulmagy bilen, Türkmenistanda gizlin maýning gadagan edilýär. Maýnerler bellenilen tertibe laýyklykda, ygtyýarly edara tarapyndan, uzak aralykdan, Internet tory arkaly diňe elektron görnüşde bellige alynmaga hem-­de olara elektron görnüşde şahadatnama (QR-­kodly) berilmäge degişli edilýär. 

     Kanunyň 27-­nji maddasynda wirtual aktiwler hyzmatlaryny üpjün edijileriň esaslandyryjylary ýa-­da gatnaşyjylary (paýdarlary) anyk beýan edilýär. Wirtual aktiwler hyzmatyny üpjün edijileriň işi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarlylandyrmaga degişli hasap edilýär. 

     Bu Kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzda wirtual aktiwleriň düzgünleşdirilmegine hem­-de maýning tehnologiýalarynyň kanunlaşdyrylmagyna giň  mümkinçilik berilmegi esasynda, Watanymyzyň ykdysady we tehnologik ösüşini üpjün etmäge, maýa goýumlary çekmäge, wirtual aktiwler babatda halkara tejribeleri giňden ornaşdyrmaga ýakyndan ýardam eder.

 

Aýgözel KUTLYÝEWA, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi, Mejlisiň deputaty.