Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny päk umyt-arzuwlar, asylly maksatlar bilen garşy aldyk. Täze ýylymyzyň ganatly şygary bizi hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzyň gülläp ösüşleriniň, il-ulsumyzyň nurana geljeginiň bähbidine gönükdirilen tutumly başlangyçlarynyň rowaçlanmagyna saldamly goşant goşmaga ruhlandyrýar. Ildeşlerimiziň redaksiýamyza ýollaýan hatlarynda hem şular dogrusynda buýsançly gürrüň edilýär.
— Berkarar döwletimiziň ösüş ýolunda her ýylymyzy many-mazmuna baý şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Bu şygarlar halkymyzyň ruhy dünýäsini , müňýyllyklardan gözbaş alýan taryhy köklerimizi hem-de ertirki günüň belent maksatlaryny bitewüleşdirýär. 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hem-de halkara derejesinde ykrar edilen baky Bitaraplygymyzyň şanly ýolunda gazanylan uly üstünlikleriň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň aýdyň beýanydyr. Bu şygar ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda gazanýan ösüşlerini, ýeten belent sepgitlerini hem-de ýaş nesillerimizi milli mirasymyza hormat goýmak ruhunda terbiýelemek baradaky döwlet aladasyny özünde jemleýär.
Ata-babalarymyzyň «At — myrat» diýen pähimi türkmen halkynyň ýaşaýyş pelsepesiniň düýp manysyny açyp görkezýär. Taryhy ýolumyza ser salsak, halkymyzyň gamyşgulak bedewi bilen ykbalynyň birdigini, onuň bilen ýeňişlere ýetendigini aýdyň görýäris. Şu nukdaýnazardan, 2026-njy ýylyň şygaryndaky «bedew batly at-myradyň mekany» düşünjesi döwletimiziň ösüşiniň tizligini, ynamly ädimlerini we belent maksatlara okgunlylygyny alamatlandyrýar. Bu aýratynlyk halkymyzyň milli buýsanjyny, taryhy köklerimize we geljegimize bolan ynamyny şöhlelendirýär.
Türkmen bedewi dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. Ahalteke bedewleri öz gözelligi, ýyndamlygy we eýesine wepalylygy bilen asyrlaryň dowamynda dünýä halklaryny haýran galdyryp gelýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli atçylyk sungatyny ösdürmek döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrüldi. Ýurdumyzda döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň döredilmegi, türkmen bedewiniň milli baýramynyň ýokary derejede bellenilmegi hem-de gamyşgulak bedewlerimiziň halkara derejesinde sarpalanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu işler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyna barýan ýolda halkymyzyň ruhubelentligini has-da belende göterýär.
Züleýha JORAÝEWA,
Çärjew etrap hassahanasynyň baş şepagat
uýasy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.