​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
30.01.2026

GELJEGE GÖNÜKDIRILEN GATNAŞYKLAR

 

    Çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň şahsyýet hökmünde kemala gelmegi hem-de ukyp-başarnyklaryny doly açmagy üçin şertleriň döredilmegi, ýaş nesle mynasyp bilim-terbiýe berilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm, strategik maksatlarynyň biridir. Bu babatda halkara bileleşikleri, şol sanda BMG we onuň iri düzümleri, Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen geljege gönükdirilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu gurama eneligi we çagalygy goramak, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, maşgalanyň maddy abadançylygyny ýokarlandyrmak, bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny kämilleşdirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda 24-nji ýanwarda geçirilen duşuşykda hem giňişleýin gürrüň edildi.

    Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 1994-nji ýylda BMG tarapyndan 1989-njy ýylda kabul edilen Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýa goşuldy hem-de ösüp gelýän nesil üçin has amatly durmuş şertleriniň üpjün edilmeginde öz ýokary jogapkärçiligini tassyklady. Şol jogapkärçilige doly ygrarly bolmak bilen, bu günki gün Garaşsyz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanylyp, hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde täze ösüşlere eýe bolýan syýasatyň saýasynda çagalaryň bagtyýar şu güni we geljegi ugrunda amala aşyrylýan işleriň gerimi ýylsaýyn giňeýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri gysga wagtyň içinde ynsanperwer ýörelgeleri amala aşyrmagyň ajaýyp nusgasyna öwrüldi. Gazna bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzda howandarlyga mätäç çagalara ýokary derejeli lukmançylyk kömegini bermek, durmuş goldawyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň gerimi barha giňeýär. Bu barada ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň rowaçlanmagyna bagyşlanan duşuşygyň barşynda hem kanagatlanma bilen bellenilip geçildi. Häzirki wagtda bu hyzmatdaşlyk yzygiderli we uzak möhletleýin häsiýete eýe bolup, saglygy goraýyş, inklýuziw bilim, çagalaryň durmuşa goşulyşmagy ýaly dürli ugurlary öz içine alýar.

    Dünýäniň meşhur kompozitorlarynyň biri M.I.Glinkadan iň ýakymly owaz barada soranlarynda: «Çaga gülküsi» diýip jogap beripdir. Hakykatdan-da, çagajyklaryň şadyýan gülküleri bigamlyk bilen ýaňlanyp durmasa, galan owazlar öz şirinligini ýitirýär. Şonuň üçinem çagajyklaryň päkize dünýäsini täsinliklere besläp, olaryň şadyýan gülki sesleriniň durmuşymyzy bezemegini gazanmak — ulularyň baş maksady. Şeýle sogaply işleri yzygiderli durmuşa geçirip, ýüzlerçe çagalaryň dünýäsine şatlyk çaýýan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasyndaky duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi-de çagalaryň röwşen geljegini üpjün etmek işinde täze-täze sepgitlere ýetmäge mümkinçilik berer. 

    Bagtyýar geljegimiziň eýeleriniň hemmetaraplaýyn ösmeklerine, olaryň saglygyna gönükdirilen ynsanperwer ýugrumly beýik tutumlary durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli başlangyçlary rowaç alsyn!

 

Jahangül MYRADOWA, Türkmenistanyň Mejlisiniň baş hünärmeni.