​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
05.02.2026

ÝOKARY GÖRKEZIJILER GAZANYLÝAR

 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň milli ykdysadyýeti ösüşli döwri başdan geçirýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halk hojalygynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň bady artýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty ýokarlanyp, dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryndaky ornyhas-da pugtalanýar. Şeýle ösüş depginiň 2026-njy — “Garaşsyz, baky BitarapTürkmenistan — bedew batlyat-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda-da saklanyp galýandygy guwandyrýar. 

     Oba hojalygy ýurdumyzyň halk hojalygynyň iri we möhüm pudagy bolmak bilen, döwlet Baştutanymyz onuň çalt depginlerde we durnukly ösdürilmegine uly üns berýär. Şeýlelikde, pagtanyň, dänäniň, gant şugundyrynyň bol hasyly alynýar. Aýratynam, dokma senagatynyň kärhanalary üçin gymmatly çig mal bolan “ak altynyň” öndürilişine uly ähmiýet berilýär. Şu ýerde bir zady bellemelidiris. Garaşsyzlyk ýyllarynda pagtany gaýtadan işläp, bäsleşige ukyply taýýar önümleriň alynmagy bilen döwletimiziň ykdysady taýdan ösüşinde aýgytly ädim ädildi.  Bu ädim bolsa, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da ýokarlanmagyna itergi berdi. 

     Pagta arassalaýjy kärhanamyzda önümçilik talabalaýyk ýola goýlup, ýokary görkezijiler gazanylýar. Kärhanamyzyň bölümleriniň  sazlaşykly işi pagtany gaýtadan işlemekde ýokary netijeleriň gazanylmagyna ýardam edýär. Pagta gaýtadan işlenende alynýan süýümiň  hili hemişe gözegçilikde saklanylyp, oňa uly üns berilýär. Kärhanamyzda 2025-nji ýylyň pagta hasylynyň 20 müň tonnadan gowragy gaýtadan işlenildi. Bu ýerde tehnologiki düzgün-nyzamyň berk berjaý edilmegi işimiziň ilerlemeginde möhüm ähmiýete eýe bolýar. 

     2026-njy — “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýyla ýokary ruhubelentlikde gadam basan zähmetsöýer işçilerimiz tutanýerli zähmet çekýärler. Şanly ýylymyzda öňümizde wajypwezipeler durup, olaryň berjaý edilmegi ugrunda ähli tagallalary edýäris.

 

Kerwen ZYRRYÝEW. Garagum pagta arassalaýjy kärhanasynyň taýýar önümler we çig mal bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty