​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
12.02.2026

DÖWRÜŇ BELENT SEPGITLERI — GEÇMIŞIŇ ÝAŇY, GELJEGIŇ DAŇY

 

     Halk arasynda «Her döwür — bir döwür» diýlen aýtgy bar. Türkmeniň häzirki altyn asyrynda döwrüň döwrany üýtgeşik, ýyllary biri-birinden zyýada. Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan binýat bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bolsa hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bedew batly ösüşleriň dowamat tapyp, halkymyzyň altyn taryhynyň ýazylýan döwrüdir. Bu döwür geçmişiň şöhratlanýan, geljegiň belent ynam bilen gurulýan döwrüdir. Bu döwür berkarar döwleti islän Magtymguly Pyragynyň hem-de paýhasly pederlerimiziň, watansöýer gerçekleriň arzuwlarynyň wysalydyr. Täze taryhy döwre çenli geçilen mertebeli menziller, şöhratly ýollar halkyň ýagşy niýetlerinden, agzybirliginden, ynam-ygtykadyndan, iň esasy zat hem, watanperwerliginden rowaçlanandyr. Döwrüň okgunly ösüşleriniň binýady pederlerimiziň döwlet gurmakda we dolandyrmakda döreden paýhas mekdebine, köpýyllyk tejribesine, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň irginsiz zähmetine, Watan, il-halk bilen bagly tagallalaryna esaslanýar. Häzirki döwrümiziň bedew batly ösüşleri döwletimiziň at-abraýyny, halkymyzyň mertebesini dünýäde şöhratlandyrýar. Şu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň «Gadamy batly bedew» atly kitabyndaky: «Bedew batly wakalar döwrüň beýik sepgitleriniň durmuş hakykatynyň aýdyň subutnamalarydyr» diýen setirlerini mysal getirmek has-da ýerlikli bolar. 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her ýyly mynasyp şygar bilen atlandyrmak ýaly asylly däbe eýerilýän ýurdumyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary esasynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy «At — myrat» diýen ýagşy niýeti ýaran edinen halkymyzyň behişdi bedewlerimize bolan egsilmez söýgüsiniň bedew batly ösüşlerimiziň dowamat-dowam bolmagy baradaky arzuw-umytlary bilen sazlaşýandygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň giňden toýlanyljak ýylynyň şygary bedew batly taryhy wakalary bilen halkymyzyň buýsanjyny artdyrýar.

    Şanly ýylymyzyň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk festiwalynda Bütindünýä sirk federasiýasynyň hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasynyň halkara şahadatnamalarynyň gowşurylmagy döwrümiziň beýik üstünlikleriniň üstüni ýetirip, bedew ata atlanan türkmeniň hemişe-de ýeňşe ýaran bolýandygyny ýene bir gezek subut eden waka boldy. Şu taryhy waka mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hem-de Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde bolup, «At — myrat» okuw merkeziniň çagalary, şeýle-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşyp, olar bilen söhbetdeş bolmagy, hususan-da, merkeziň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen, «At — myrat» okuw merkeziniň çagalaryna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan 1 million 500 müň manat möçberinde pul sowgadyny, halkara derejede uly abraýa eýe bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna bolsa hormatly Prezidentimiziň 3 million manat sylagyny, toparyň agzalarynyň her birine ussatlyk bilen ýasalan at eýerlerini gowşurmagy at bilen örküni baglan türkmen ýaşlary bilen birlikde tutuş halkymyzyň buýsanjyny artdyrdy. Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyz» atly bedew aty «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sowgat bermegi ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň şöhratlanýan ýylynda çuňňur many-mazmuna eýe boldy. Sebäbi türkmen ruhuna kybap gelýän bedewlerimiziň erkinligi halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny, behişdi jandaryň batly howalasy bolsa belentser, şirhaýbat türkmeniň ruhy keşbini suratlandyrýar.

     Halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny belende göterip, atçylyk sportuny, atly oýunlary ösdürmeklige aýratyn ähmiýet berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, bedew batly Diýarymyzyň ösüşleriniň dowamat-dowam bolmagy ugrunda alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin! 

 

Annabagt MAÝEWA, welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli terbiýe, bilim we mekdepden daşary edaralar bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.