​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
20.02.2026

ÖSÜŞLERIŇ ÇELGISI

 

     Berkarar döwletiň  täze  eýýamynyň  Galkynyşy döwründe her ýyl uly ösüşler gazanylýar. Muňa ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň makroykdysady görkezijileriniň depginli we durnukly ösüşi hem şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, 2025-nji ýylda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi 6,3 göterim artdy. Bu görkeziji senagat pudagynda 1,8 göterime, gurluşykda 7,9 göterime, ulag we aragatnaşyk  pudagynda 9,8 göterime, söwdada 9,6 göterime, oba hojalygynda 7 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,5 göterime deň boldy. Hasabat döwründe iri we orta kärhanalarda jemi 7 müňe golaý täze iş orny döredildi.

 

     2026-njy ýylyň 13-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly üçin «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» kabul edilmegi hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň bellenilýän ýylynda bedew batly ösüşleriň çelgisini kesgitleýän möhüm resminama bolup çykyş edýär. Bu resminama ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy. Maksatnamanyň taslamasynda  2026-njy ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalary, ýerine ýetirilmeli işler, Aşgabat we Arkadag şäherleri, welaýatlar boýunça durmuş-ykdysady, maýa goýum görkezijileri bellenildi. Şeýle-de onda ilatymyzyň girdejilerini yzygiderli artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutuldy.

    «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin bir ýyllyk Maksatnama taýýarlanylmagy möhüm ähmiýetlidir. Maksatnama laýyklykda, ýokarda bellenilip geçilişi ýaly, möhüm makroykdysady görkeziji bolup çykyş edýän jemi içerki önümiň  2026-njy ýylda ösüş depginini 6,3 göterimde saklamak meýilleşdirilýär. Bu görkeziji ösüp barýan ýurtlaryň ykdysadyýeti üçin çaklanylýan amatly görkeziji hasaplanylýar. Şeýle amatly görkezijiniň dünýäde ýüze çykýan sebitleýin we ählumumy oňaýsyz ýagdaýlara garamazdan, saklanyp galmagy ýurdumyzyň ykdysady binýadynyň sagdynlygyny alamatlandyrýar. Iş üpjünçiligini ýokarlandyrmak, işsizligi aradan aýyrmak hem ýurtlaryň esasy makroykdysady görkezijileriniň biri, şeýle hem ýurduň çäginde alnyp barylýan durmuş syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şu ýagdaýda ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalaryny doly güýjünde işletmek, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 5 müň 300-e golaý täze iş ornuny döretmek wezipesi ýurdumyzda 2026-njy ýylda garaşylýan möhüm sepgitleriň biridir. 

     «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» ýurdumyzyň ykdysadyýetine  maliýeleşdirmegiň  ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 41,2 milliard manada golaý maýa goýumlary gönükdirmek meýilleşdirilýär. Şeýle ýokary mukdarda maýa goýum serişdeleriniň önümçilige goýberilmegi geljekki ýyllar üçin ýurdumyzyň  milli ykdysadyýetiniň bedew batly ösüşleriniň täze çelgilerini kesgitlemäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny, täze iş orunlarynyň we hyzmatlaryň görnüşiniň işe girizilmegini alamatlandyrar. Mundan başga-da, maýa goýum mukdary «Multiplikator täsiri» ykdysadyýetde ilkinji  maýa goýumynyň ýa-da çykdajynyň jemi içerki önümiň birnäçe esse artmagyna getirýär. Bu ýagdaý ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň durnukly ösüşini kepillendirýär. 

     Ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça ösdürmegiň uzak geljegini aýdyň kesgitleýän hem-de beýik maksatlara ýetmek ugrunda ynsanperwer döwlet syýasatyny durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

 

Kerimguly GELDIÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.