Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Ata-babalarymyzyň perzende söýgüsi çäksiz bolup, olaryň terbiýesine ünsi örän uludyr. Türkmen halky hemişe-de nesil terbiýesine çuňňur we köptaraplaýyn esasda çemeleşipdir. Pederlerimiziň aýdyşy ýaly, ata-enelik hukugyny gazanmak üçin diňe bir perzent ösdürip ýetişdirmegiň özi ýeterlik bolman, olara görüm-görelde, terbiýe bermek hem hökmandyr. Çünki edepli perzent, ilki bilen, maşgalanyň, şeýle hem il-günüň gerekli ynsany bolýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet ähmiýetli, halk bähbitli syýasatynda ynsan saglygyna, ýaş nesliň beden we akyl taýdan sagdyn bolmagyna uly üns berilýär. Olaryň abadan maşgalada sagdyn ulalmagy, terbiýe almagy, sowatly adam bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär.
Ýaş nesiller baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, çagalaryň hukuklaryny goramak, olar üçin mynasyp durmuşy üpjün etmek, şeýle hem ýaş maşgalalary goldamak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şeýle işler ýurdumyzda ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün edip, belent ahlak sypatlary bilen terbiýelenmegine ýardam berýär.
Ýeri gelende bellesek, çaga terbiýesinde kitaplaryň ähmiýeti juda ýokarydyr. Harplary tanap, okamagy öwrenenlerinden soň, olara terbiýe berijiligi ýokary bolan kitaplary okamaga höwes döretmek hökmandyr. Çaga esasy täsir edýän zatlaryň biri-de maşgalada gören zatlaryny endik edinip gaýtalamagy bolup durýar. Ata-ene bulary göz öňünde tutup, çagany öýde kitaba höweslendirmeli. Suratly, ertekili kitaplar çagalaryň ünsüni çekýär we olarda kitap okamaga bolan gyzyklanmany artdyrmaga ýardam berýär.
Mugallymçylyk nukdaýnazardan alanymyzda, çagalar bilen geçirilýän her bir okuw-terbiýeçilik çäresiniň mazmuny we tertibi mugallymyň ussatlygy, onuň öňdebaryjy usullary peýdalanyp, öz işini ýokary derejede gurap biliş derejesi bilen kesgitlenilýär. Ussat mugallym çagalar bilen işleşende, ilkinji nobatda, olaryň ruhy dünýäsine aralaşmagy başarýar. Şeýle hem dürli görkezme esbaplardan, multimedia tagtalarynda terbiýeçilik we öwredijilik ähmiýetli suratlardan peýdalanmak arkaly sapagyny täsirli guramagyň hötdesinden gelýär. Munuň üçin bolsa hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda hemme zerur şertler döredilendir.
Perzentler adamyň nesil daragtynyň dowamatydyr. Edil şonuň ýaly-da, islendik ýurduň ýagty geljegi we asudalygy onuň ýaş nesline baglydyr. Şu jähetden, döredilýän ajaýyp mümkinçilikler her bir ynsanyň şatlygyny goşalandyrýar. Ýaş nesilleriň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Akmämmet ANNAMANOW,
Aşgabat şäherindäki matematika we informatika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty