​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
30.08.2023

ÝOKARY HILLI OKUW ESBAPLARY

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda bu günki gün bagtyýar türkmen halky asudalygyň, parahatçylygyň, bolçulygyň hözirini görüp ýaşaýar. Ynha, şu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem täze 2023 — 2024-nji okuw ýylyna giňden taýýarlyk görülýär. Awgust aýynyň başyndan şäheriň ähli ak bazarlarydyr söwda merkezlerinde ýörite mekdep bazarlary işläp başlady. Aşgabat şäher Alyjylar jemgyýetleri birleşigine degişli bolan bazarlarda, söwda merkezlerinde birnäçe ýerde ýörite mekdep bazarlary açylyp, halkymyza hyzmat edýär. Mekdep bazarlarynyň işläp başlan gününden bäri söwda-satuw işleri gyzgalaňly dowam edýär.

 Bu ýerde okuwçylar üçin niýetlenilen egin-eşikleriň, aýakgaplaryň, okuwçy torbalarynyň, galamdyr dürli ýazuw depderleriniň we surat albomlarynyň, gündelikleriň, kitap daşlyklarynyň birnäçe görnüşleri bar. Bu ýere gelýän alyjylar gerekli okuw esbaplaryny, sport eginbaşlaryny uly höwes bilen satyn alýarlar. Söwda hyzmatlarynyň giňden ýola goýulmagy, harytlaryň aglaba böleginiň öz ýurdumyzda öndürilendigi bellenilmäge mynasypdyr. Munuň özi harytlaryň elýeterli nyrhlardan bolmagyny üpjün edip, alyjylarda kanagatlanma duýgusyny döredýär. Mekdep bazarlaryna aýlanyp göreniňde, okuwçylara niýetlenen harytlaryň bolçulygynyň şaýady bolýarsyň. 

Türkmen halkynyň durmuş abadançylygy barada alada edýän, ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim almaklary ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin! 

 

Muhammetberdi GELDIMÄMMEDOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky 

komitetiniň agzasy.