Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Parlamentara Bileleşigiň Baş Sekretary bilen duşuşygy geçirildi
Состоялась встреча Председателя Меджлиса Туркменистана с Генеральным секретарём Межпарламентского союза
A meeting was held between the Chairperson of the Mejlis of Turkmenistan and the Secretary General of the Inter-Parliamentary Union
Özbegistan Respublikasyna iş saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Parlamentara Bileleşigiň Baş Sekretary Martin Çungong bilen duşuşygy boldy.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Kararnamalaryň kabul edilmeginiň hem-de ýurdumyzyň bütindünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmekde öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýeti nygtaldy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Parlamentara Bileleşigiň Baş Sekretaryny 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek halkara çärelere, şol sanda parlament çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar parlamentara bileleşigiň 150-nji assambleýasynyň gün tertibinde duran meseleler boýunça alnyp barylýan işler, milli tejribeler hakynda maglumatlary diňlemegiň hem-de öňe sürlen teklipler bilen tanyşmagyň parlament wekilleri üçin ähmiýetli boljakdygyny bellediler. Şeýle hem, Türkmenistanyň Mejlisiniň we Parlamentara Bileleşigiň geljekde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
В ходе рабочего визита в Республику Узбекистан делегация под руководством Председателя Меджлиса Туркменистана встретилась с Генеральным секретарём Межпарламентского союза Мартином Чунгонгом.
В ходе встречи была подчёркнута значимость принятия Резолюций Генеральной Ассамблеи Организации Объединённых Наций по инициативе Туркменистана «2025 год – год Международного мира и доверия», «О постоянном Нейтралитете Туркменистана», а также выдвигаемых нашей страной инициатив по обеспечению мира и безопасности во всём мире.
Председатель Меджлиса Туркменистана Д.Гулманова пригласила Генерального секретаря Межпарламентского союза принять участие в международных мероприятиях, в том числе парламентских, которые пройдут в стране по случаю 30-летия постоянного Нейтралитета Туркменистана, отмечаемого в 2025 году —Международном году мира и доверия.
В ходе встречи стороны отметили, что представителям парламента будет важно заслушать информации о проводимой деятельности по вопросам стоящим в повестке дня 150-й Ассамблеи Межпарламентского союза, о национальных опытах, а также ознакомиться с выдвинутыми предложениями. Также были обсуждены вопросы расширения отношений сотрудничества Меджлиса Туркменистана и Межпарламентского союза в будущем.
During a working visit to the Republic of Uzbekistan, a delegation led by the Chairperson of the Mejlis of Turkmenistan met with the Secretary General of the Inter-Parliamentary Union, Martin Chungong.
During the meeting, the importance of the adoption of the UN General Assembly Resolutions initiated by Turkmenistan — "2025 – The Year of International Peace and Trust," "On the Permanent Neutrality of Turkmenistan," and other initiatives put forward by our country to ensure peace and security throughout the world — was emphasized.
The Chairperson of the Mejlis of Turkmenistan, D. Gulmanova, invited the Secretary General of the Inter-Parliamentary Union to participate in international events, including parliamentary forums, to be held in the country on the occasion of the 30th anniversary of the Permanent Neutrality of Turkmenistan, declared in 2025 as the Year of International Peace and Trust.
The meeting also discussed the activities of the Turkmen delegation on issues on the agenda of the 150th Assembly of the Inter-Parliamentary Union, national experiences, and the proposals put forward. Issues related to expanding cooperation between the Mejlis of Turkmenistan and the Inter-Parliamentary Union in the future were also discussed.