​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
06.04.2025

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygy geçirildi

Состоялась встреча Председателя Меджлиса Туркменистана с Председателем Совета Федерации Федерального Собрания Российской Федерации

The Chairperson of the Mejlis of Turkmenistan met with the Chairperson of the Federal Council of the Federal Assembly of the Russian Federation

 

2025-nji ýylyň 6-njy aprelinde Parlamentara Bileleşigiň 150-nji ýubileý assambleýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşygy geçirildi. 

Duşuşygyň barşynda taraplar döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde türkmen-rus döwletara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrlandyrmaga itergi berýändigini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti nygtaldy. 

Taraplar ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda geçirilýän şeýle duşuşyklaryň we gepleşikleriň ähmiýetini bellediler.  

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkony 2025-nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçiriljek halkara çärelerine gatnaşmaga çagyrdy. 

 

6 апреля 2025 года в рамках 150-й юбилейной ассамблеи Межпарламентского союза состоялась встреча туркменской делегации во главе с Председателем Меджлиса Туркменистана с Председателем Совета Федерации Федерального Собрания Российской Федерации Валентиной Матвиенко.

Стороны отметили, что усилия глав государств способствуют расширению туркмено-российского межгосударственного сотрудничества и укреплению дружественных отношений между народами.

В ходе встречи была подчеркнута важность принятия по инициативе Туркменистана Резолюции Генеральной Ассамблеи Организации Объединенных Наций под названием «2025 год – Международный год мира и доверия».

Также была отмечена важность подобных встреч и переговоров для дальнейшего укрепления двусторонних межпарламентских связей и обмена опытом в законотворческой деятельности.

Председатель Парламента Туркменистана Д.Гулманова пригласила Председателя Совета Федерации Федерального Собрания Российской Федерации Валентину Матвиенко принять участие в международных мероприятиях, которые пройдут в нашей стране в 2025 году – Международном году мира и доверия в честь 30-летия постоянного нейтралитета Туркменистана.

 

On April 6, 2025, within the framework of the 150th anniversary Assembly of the Inter-parliamentary Union, a meeting took place between the Turkmen delegation led by the Chairperson of the Mejlis of Turkmenistan and the Chairperson of the Federal Council of the Federal Assembly of the Russian Federation Valentina Matvienko.

The sides noted that the efforts of the heads of states contribute to the expansion of Turkmen-Russian interstate cooperation and the strengthening of friendly relations between peoples. 

During the meeting, the importance of adopting, at the initiative of Turkmenistan, the Resolution of the United Nations General Assembly entitled «2025 – International Year of Peace and Trust» was emphasized.

The importance of such meetings and negotiations for further strengthening bilateral inter-parliamentary relations and exchanging experience in legislative activities was also noted.

The Chairperson of the Parliament of Turkmenistan D.Gulmanova invited the Chairperson of the Federal Council of the Federal Assembly of the Russian Federation Valentina Matvienko to take part in international events that will be held in our country in 2025 – the International Year of Peace and Trust in honor of the 30th anniversary of Turkmenistan’s permanent neutrality.