2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde «Zenanlara maýa goýum – durnukly ösüşiň esasy: zenanlaryň ykdysady, durmuş, syýasy we ekologiýa babatda hukuklaryny we mümkinçiliklerini berkitmek» ady bilen geçirilen Zenanlaryň ikinji Aziýa forumyna gatnaşdy.

Forumyň esasy maksady sebitde zenanlaryň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, olaryň ykdysadyýetde gatnaşygyny has-da giňeltmek boýunça tejribe alyşmak, şeýle hem häzirki zaman döwlet dolandyryşynda we jemgyýetçilik durmuşynda zenanlaryň ornuny pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Forumyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, bu halkara çäräniň ýokary derejede guralandygy üçin Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatyna we Hökümetine, BMG-niň Ilat gaznasyna hem-de «BMG-Zenanlar» düzümine sagbolsunlaryny beýan etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanlarynyň tagallalary we yzygiderli goldawy netijesinde bilelikde geçirilýän halkara maslahatlaryň zenanlar üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegine, olaryň hukuklarynyň, kanuny bähbitleriniň goralmagyna, durmuş taýdan goraglylygynyň has-da ýokary netijelere eýe bolmagyna uly itergi berýändigini aýratyn nygtady.
Türkmenistanyň Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasyny ykrar etmek bilen, zenanlaryň hukuklary hakyndaky halkara resminamalaryň hem birnäçesine goşulandygy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda zenanlaryň jemgyýetdäki ornuny ýokarlandyrmaga, olaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge aýratyn üns berilýändigi barada belledi.

Döwletimiziň bu babatda alyp barýan syýasaty zenanlaryň ýokary durmuş, ykdysady we zähmet işjeňligini şertlendirýär. Şonuň üçin hem türkmenistanly zenanlar bu gün özleriniň ukyp-başarnyklaryna we hünär taýdan taýýarlygyna laýyklykda, döwlet häkimiýetiniň kanunçykaryjy, ýerine ýetiriji, kazyýet şahalarynda, şeýle hem ýurduň hojalyk toplumy çygrynda giň wekilçilik etmek bilen, jemgyýetiň we döwletiň işlerinde möhüm orny eýeläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine mynasyp goşant goşýarlar.
Zenanlaryň ikinji Aziýa forumynyň häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň birine – zenanlaryň ykdysady, durmuş, syýasy we ekologiýa babatda hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge bagyşlanmagynyň örän ähmiýetlidigi bellenildi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň dünýä ähmiýetli wajyp meseleler boýunça onlarça kararnamany kabul edendigi nygtaldy. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek barada başlangyjy öňe sürýändigini mälim edendigine üns çekildi. Ýurdumyzyň bu başlangyjy halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmaga, şol sanda gender deňliginiň üpjün edilmeginde halkara hukuk kadalarynyň we ýörelgeleriniň ornunyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir.
Çykyşlarda Zenanlaryň ikinji Aziýa forumynyň sebitiň zenanlarynyň mümkinçiliklerini giňeltmek we häzirki zaman jemgyýetinde olaryň ornuny pugtalandyrmak meseleleri boýunça tejribe alyşmak, döwrüň çagyryşlaryny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm ähmiýetli meýdança bolup durýandygy bellenildi.
Şeýle hem milli Parlamentiň Başlygy Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda durnukly ösüşi üpjün etmekde oňyn tejribeleri paýlaşmaga we öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen Halkara zenanlar dialogyny, demografiýa bilen baglanyşykly halkara maslahaty, şeýle-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisiniň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny nygtap, Foruma gatnaşyjylary bu halkara we parlamentara çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.
Soňra Zenanlaryň ikinji Aziýa forumynyň işi bölümlerde dowam etdirildi.