​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
31.10.2025

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINDE PALESTINA DÖWLETINIŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

В МЕДЖЛИСЕ ТУРКМЕНИСТАНА СОСТОЯЛАСЬ ВСТРЕЧА С ПОСЛОМ ГОСУДАРСТВА ПАЛЕСТИНА В ТУРКМЕНИСТАНЕ

A MEERING WITH THE AMBASSADOR OF THE STATE OF PALESTINE TO TURKMENISTAN WAS HELD IN THE MEJLIS OF TURKMENISTAN

 

2025-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we  Doly ygtyýarly Ilçisi Abuhijleh Rananyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Milli Parlamentiň ýolbaşçysy Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Şeýle hem oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda alyp barjak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi                                     hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady  özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Ýurdumyzyň sebitde we dünýäde  parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň binýadyny berkitmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň barşynda Ilçi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Palestina döwletine iberilen ynsanperwer kömegi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlygyny bildirdi we bu kömegiň palestin halkyna diňe bir goldaw bolman, eýsem halklaryň arasyndaky dostlugyň, ynanyşmagyň aýdyň beýany hökmünde aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady. 

Taraplar Türkmenistanyň we Palestina Döwletiniň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdyrlar. Şeýle hem syýasy-diplomatik, parlamentara we ynsanperwer ugurlarda gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýetini bellediler. 

Şunuň bilen birlikde parlamentara gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmak bellenildi. Bu başlangyjyň iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşmagyna hem-de hyzmatdaşlygyň giň gerim bilen ösdürilmegine ýardam etjekdigi nygtaldy. 

 

 

31 октября 2025 года состоялась встреча Председателя Меджлиса Туркменистана Д.Гулмановой с Чрезвычайным и Полномочным Послом Государства Палестина в Туркменистане Абухиджлех Раной. 

    Руководитель национального Парламента поздравила Посла с назначением на высокий дипломатический пост. А также пожелала ей больших успехов в деятельности по дальнейшему укреплению дружественных отношений, взаимовыгодного сотрудничества между двумя странами.

     В ходе встречи Посол была ознакомлена с приоритетными направлениями внутренней и внешней политики нашей страны, составом туркменского Парламента и деятельности по законодательному обеспечению широкомасштабных социально-экономических реформ, реализуемых в различных сферах. Особое внимание было уделено значению инициатив, продвигаемых нашей страной по укреплению основ мира, стабильности и благополучия в регионе и мире.

В ходе встречи Посол выразила благодарность Президенту Туркменистана Сердару Бердымухамедову и Национальному Лидеру туркменского народа, Председателю Халк Маслахаты Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедову за гуманитарную помощь, направленную Государству Палестина за счёт средств Благотворительного фонда по оказанию помощи нуждающимся в опеке детям имени Гурбангулы Бердымухамедова, и подчеркнула, что эта помощь имеет особое значение не только как поддержка палестинского народа, но и как яркое проявление дружбы и доверия между народами.

Стороны обменялись мнениями о текущем состоянии двустороннего сотрудничества между Туркменистаном и Государством Палестина и перспективах его дальнейшего развития. А также отметили значение развития отношений в политико-дипломатическй, межпарламентской, кльтурной, экономической и гуманитарной сферах.

На ряду с этим, в целях повышения эффективности межпарламентских отношений, было отмечено о налаживании связей между профильными комитетами, молодыми и женщинами парламентариями. Было подчёркнуто, что данная иницатива будет способствовать обогащению дружественных отношений между двумя странами новым смыслом и содержанием и развитию сотрудничества в широких масштабах.

 

On October 31, 2025, a meeting was held between the Chairperson of the Mejlis of Turkmenistan D.Gulmanova and the Ambassador Extraordinary and Plenipotentiary of the State of Palestine to Turkmenistan Abuhijleh Rana. 

The Chairperson of the national Parliament congratulated the Ambassador on her appointment to this high-ranking diplomatic post and also wished her great success in her efforts to further strengthen friendly relations and mutually beneficial cooperation between two countries. 

During the meeting, the Ambassador was informed about our country’s internal and external policy priorities, the composition of the Turkmen Parliament and activities on legislative support for large-scale socio-economic reforms, implemented in various fields. Particular attention was paid to the importance of our country’s initiatives to strengthen the foundations of peace, stability and prosperity in the region and the world.

During the meeting, the Ambassador expressed gratitude to the President of Turkmenistan Serdar Berdimuhamedov and the National Leader of the Turkmen people, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov, for the humanitarian aid provided to the State of Palestine by the Charitable Foundation named after Gurbanguly Berdimuhamedov for assistance children in need of guardianship and emphasized that this aid is of particular importance not only as support for the Palestinian people, but also as a vivid manifestation of friendship and trust between peoples.

The sides exchanged views on the current state of bilateral cooperation between Turkmenistan and the State of Palestine and prospects for its further development. Also was noted the importance of developing relations in the diplomatic, inter-parliamentary, cultural, economic and humanitarian spheres.

Along with this, in order to improve the effectiveness of inter-parliamentary relations, was noted about the establishment of links between relevant committees, young and women parliamentarians. It was emphasized that this initiative will contribute to enriching the friendly relations between the two countries with new meaning and content and to developing cooperation on a large scale.